Daşary işler, maliýe we ykdysadyýet, söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrlikleriniň wekillerini öz içine alýan Türkmenistanyň wekiliýeti Özbegistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna (BSG) goşulmagy baradaky Iş toparynyň 9-njy mejlisine gatnaşdy. Mejlis 5-6-njy dekabrda Ženewada geçirildi. Bu barada Orient habar berdi.
BSG-niň iş toparlary her dalaşgär ýurt üçin aýratyn döredilýär.Olaryň esasy wezipesi ýurduň söwda syýasatyny, agzalyk şertleri baradaky ylalaşygy we halkara ülňüleriniň berjaý edilişine baha bermekden ybaratdyr.
Duşuşyklarda BSG kadalaryny berjaý etmek, milli kanunlary uýgunlaşdyrmak, bazarlara girmek we söwda päsgelçiliklerini aýyrmak ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar.BSG-ä goşulmaga taýýarlanýan Türkmenistan Özbegistanyň tejribesini öz goşulmak strategiýasyny döretmek üçin gymmatly mysal hasaplaýar.
Duşuşyk guramanyň talaplaryna baha bermäge, ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň häsiýetine düşünmäge we reforma üçin ileri tutulýan ugurlary kesgitlemäge mümkinçilik berýär.
Türkmenistan 2020-nji ýylyň iýul aýynda BSG-de synçy statusyny aldy. 2022-nji ýylda işjeň synçy statusy berildi.