Türkmenistan BSG agza bolmak üçin arza berdi

Türkmenistan BSG agza bolmak üçin arza berdi

Türkmenistan Bütindünýä Söwda Guramasyna agza bolmak üçin arza berdi diýip,guramanyň baş ýolbaşçysy Ngozi Okonjo-Iweala özüniň Twitter hasabyndan habar berdi.

Çap edilen suratda BMG-niň Jenewadaky bölüminde Türkmenistanyň wekili bolan Atageldi Haljanow bu barada degişli resminamany guramanyň baş ýolbaşçysyna gowşurýar.

“Türkmenistan BSG-na agza bolmaga işleriň başlanmagy üçin arzasyny berdi” diýip Ngozi Okonjo-Iweala ýazýar.

Turkmenistan deposits its application to begin the accession process to join @WTO!

With Turkmenistan Ambassador H.E Mr.Atageldi Haljanov. @UN_Turkmenistan pic.twitter.com/bjCdHpArYr

— Ngozi Okonjo-Iweala (@NOIweala) November 25, 2021

14-nji oktiýabrda Türkmenistanyň BSG-na goşulmagy boýunça hökümet toparynyň mejlisi geçdi. Şonda Türkmenistanyň daşary söwda işleriniň jarnamasyny taýýarlamak babatda 2020-2022-nji ýyllardaky işleriň meýilnamasynyň taslamasy, şeýlede BSG-niň 30-njy noýabrdan 2-nji dekabr aralygynda Jenewada geçýän XII ministrler ýygnagynda ýurdyň gurama alynmagy maslahat edilipdi.

2020-nji ýylyň iýulynda Türkmenistan gurama synçy bolmak durumyny alypdy. Ýurdyň BSG-na doly hukukly agza bolmagy 2021-2030-njy ýyllar boýunça daşary söwda strategiýasynda göz öňünde tutulýar.

Türkmenistan BSG agza bolmagy 2016-njy ýyldan bäri maslahat edýär.

Ýurdyň häkimiýetleri munuň daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegine, maýadarlar üçin kepilnamalary hem açyk-aýdyňlygy üpjün etjekdigine garaşýarlar.The post Türkmenistan BSG agza bolmak üçin arza berdi first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Ikinji möhlete saýlandy
Türkmenistan Bütindünýä Söwda Guramasyna girmek üçin arza tabşyrdy
Türkmenistanda Ženewada BSG agza bolmak üçin arzasyny tabşyrdy
Huseýn Norçaýew AFK kubogynyň 2021-nji ýylky möwsüminiň iň köp gol geçiren futbolçysy boldy
Time 2021-nji ýylyň iň täsirli 100 adamsynyň sanawyny neşir etdi
“Time” žurnaly dünýäniň iň täsirli adamlarynyň 100-ligini çap etdi