Türkmenistan BSG-ä goşulmaga taýýarlyk görýär

Türkmenistan BSG-ä goşulmaga taýýarlyk görýär

Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna (BSG) goşulmagyna taýýarlyk işleriň çäklerinde Maliýe we ykdysadyýet ministrligi 20 22-nji noýabrda okuw maslahatyny geçirdi. Onuň maksady BSG-ä goşulmak işleriniň çäklerinde bazar elýeterliliginiň şertlerini öwrenmekden ybarat boldy. Bu barada çäräni guraýjylar habar berýär.

Okuw maslahaty ösüş boýunça hyzmatdaşlaryň, şol sanda çäräniň taýýarlyk derejesine uly goşant goşan ABŞ-nyň Halkara ösüş agentliginiň (USAID) ýardamy bilen guraldy. Okuw maslahatynyň birinji gününde oňa gatnaşan ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Elizabet Rud Türkmenistanyň BSG-ä goşulmak işiniň çäklerinde iki ýurduň özara hyzmatdaşlygynyň möhüm ähmiýetlidigini belledi.

Okuw maslahatynda çykyş edenleriň esasylarynyň biri bolan Kolumbiýadan Alehandro Gamboa-Alder BSG-niň baş edarasyndaky iş tejribesi bilen paýlaşdy. Ol guramanyň düzümi we alyp barýan işi barada giňişleýin durup geçdi hem-de salgyt syýasatynyň esasy ugurlary we söwda ýeňillikleri boýunça gepleşikleri alyp barmagyň, şol sanda BSG-niň salgyt we söwda boýunça Baş ylalaşygynyň düzgünlerini öwrenmegiň ähmiýeti boýunça gürrüň berdi.

Sanly ulgam arkaly işjeň pikir alyşmalara beslenen okuw maslahatynyň dowamynda oňa gatnaşyjylar BSG-ä agza döwletler bilen gepleşikleri geçirmegiň ugurlary hem-de salgyt we salgyt bilen bagly bolmadyk meseleleri çözmek boýunça gymmatly maslahatlary aldylar. Şeýle çäreler BSG-niň ulgamyna çuň düşünmäge we Türkmenistany bu guramanyň doly hukukly agzalygyna taýýarlamaga şert döredýär.

Neşirimize ýazylmak üçin:

WhatsApp: Biznes Türkmenistan

Telegram: Biznes Türkmenistan

Instagram: Biznes Türkmenistan

X: Biznes Türkmenistan

Dzen: Бизнес Туркменистан

Ýene degişli makalalar

Türkmen-özbek gatnaşyklary gün tertibinde: Türkmenistanda özbek maýasy bilen açylan näçe kärhana bar
Türkmenistan döwlet emlägine degişli 43 desgany bäsleşikli söwda çykardy
Italiýanyň DIM-niň ýolbaşçylary Türkmenistana sapar ederler
Ýanwar-awgust: Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda söwda dolanyşygy $7 milliarddan geçdi
Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabatda BAE-niň energetika ministrini kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň senatory bilen howanyň üýtgemegine degişli meseleleri maslahatlaşdy