Şenbe güni Halk Maslahatynyň Diwanynyň binasynda Türkmenistanyň döwlet dolandyryş ulgamyny has-da kämilleşdirmek, welaýatlaryň etraplarynyň, şäherleriniň we obalarynyň dolandyryş-çäk birliklerine gaýtadan seretmek meselelerine bagyşlanyp geçirilen mejlisde Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew dolandyryş-çäk gurluşyny kämilleşdirmek boýunça ýurduň ähli künjeklerinde teklip edilýän özgertmeler barada habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, taýýarlanylan teklipler esasynda ýurt boýunça Gubadag, Gurbansoltan eje adyndaky, Farap, Döwletli, Serhetabat we Oguzhan etraplaryny; Tejen, Gumdag, Hazar, Serdar, Köneürgenç etrap hukukly şäherlerini; Türkmenbaşy şäheriniň Kenar etrabyny; Ak bugdaý etrabynyň Bagabat şäherçesini, Hazar şäheriniň Garagöl şäherçesini; 36 sany geňeşligi ýatyrmak we 36 sany obany dolandyryş-çäk birlikleriniň sanawyndan aýyrmak teklip edilýär. Şeýle-de durmuş-ykdysady ösüşiň möhüm görkezijileriniň biri bolan şäherleşme derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, 6 sany oba şäherçe derejesini berip, Sadulla Rozmetow adyndaky, Aşyr Kakabaýew adyndaky, Gökçäge, Ataýap, Bereket hem-de Rejepguly Ataýew adyndaky şäherçeleri döretmek, 6 sany ilatly ýere oba derejesini bermek teklip edilýär.
Şeýlelikde, Türkmenistan boýunça jemi 37 sany etraby, 6 sany etrap hukukly şäheri, 5 sany şäherdäki etraby, 42 etrapdaky şäheri, 68 şäherçäni hem-de 469 geňeşligi we 1690 sany obany galdyrmak teklip edilýär.
Bellenilişi ýaly, öňe sürlen teklipleriň durmuşa geçirilmegi durnukly ösüş üçin ýurtda bar bolan serişdeleriň we mümkinçilikleriň doly peýdalanylmagyny, Döwlet býujetiniň serişdeleriniň rejeli, maksatlaýyn ulanylmagyny, oňa döwrebap gözegçiligiň amala aşyrylmagyny, ýurduň sebitleriniň durmuş-ykdysady ösüşiniň ýokary depginler bilen alnyp barylmagyny, maliýe-ykdysady durnuklylygynyň pugtalandyrylmagyny, sebitleriň öndüriji güýçleriniň toplumlaýyn ösüşiniň gazanylmagyny we senagatlaşma derejeleriniň ýokarlandyrylmagyny, iri döwrebap kärhanalaryň giň gerimde döredilmegini üpjün eder.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary dolandyryş-çäk birlikleri babatda teklip edilýän özgertmeleriň adamlaryň durmuşy üçin has amatly şertleriň döredilmegine, durmuş ulgamynyň netijeliliginiň pugtalandyrylmagyna, zähmet gatnaşyklarynyň oňyn düzgünleşdirilmegine gönükdirilendigini belledi.