Türkmenistan Bolşaýa Aziýa teleýaýlymy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýär

Türkmenistan Bolşaýa Aziýa teleýaýlymy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýär

Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetini guramagynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli geçirilýän halkara mediaforum öz işine başlady. Bu barada Türkmenstanyň Halkara habarlar merkezi habar berdi.

Foruma ýöriteleşdirilen düzümleriň, tele we radio ýaýlymlaryň, Türkmenistanyň habar beriş serişdeleriniň wekilleri we daşary ýurtlaryň 100-e golaý köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekiliýetleri gatnaşýar.Olaryň hatarynda habarlar agentlikleriniň ýolbaşçylary we baş redaktorlary, ýurtda akkreditlenen daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, Bolşaýa Aziýa teleýaýlymynyň baş direktory Aleksandr Lebedew, Russiýa Federasiýasynyň, Beýik Britaniýanyň, Malaýziýanyň, Ýaponiýanyň, Türkiýäniň, Belarus Respublikasynyň metbugat, tele we radio kompaniýalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri bar.

Bu çäräniň maksady Türkmenistanyň daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakdan ybaratdyr. Forumyň dowamynda Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen Bolşaýa Aziýa teleýaýlymynyň arasynda ylalşyga gol çekiler.

Forumyň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň orunbasary Annasähet Kakaýew çykyş etdi. Ol öz çykyşynda Türkmenistanyň dürli ugurlarda gazananlaryny beýan etmekde metbugat hyzmatdaşlygynyň möhümdigini aýratyn nygtady.

Ýene degişli makalalar

MERKEZI AZIÝA TELEÝAÝLYMYNY WE SEBITLEÝIN MEDIA PLATFORMASYNY DÖRETMEGIŇ MÜMKINÇILIKLERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
Merkezi Aziýa teleýaýlymyny döretmek meýilleşdirilýär
Türkmenistan Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlarynyň habar beriş serişdeleriniň meseleleri boýunça ygtyýarly edaralaryň konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy
Kuraş boýunça XIV Dünýä çempionatyna bagyşlanan metbugat forumy geçirildi
Türkmenistan GDA-nyň tele-radio guramalarynyň ýolbaşçylarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy
Gökdepe, Gazawat pajygalaryny ýatlamazlyk kime peýda, nämä zyýan?