Türkmenistan BMGÖM ekspertleriniň öňünde ykdysady üstünlikleri bilen öwündi

20-nji iýunda Aşgabatda, Türkmenistanyň döwlet daşary ykdysady iş banky bilen BMG-niň ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) guramagynda “Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde ösüşi maliýeleşdirmek üçin hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahat geçirildi diýip, TDH habar berýär.

Bu çärä transmilli maliýe institutlarynyň, kompaniýalaryň we täjirçilik banklarynyň wekilleriniň 200-e golaýy, şeýle hem BMGÖM-niň hem-de beýleki halkara we sebitara guramalarynyň bilermenleri gatnaşdylar.

Maslahata gatnaşyjylar milli we sebit derejelerinde Durnukly ösüşiň maksatlaryny maliýeleşdirmegiň, içerki serişdeleri bir ýere jemlemek babatda hyzmatdaşlygyň täze ugurlary, maýa goýmakda milli bank ulgamynyň goruny, innowasion ösüşi, işewürligi maliýeleşdirmek tejribesi meselelerine, şeýle hem serhetüsti taslamalara garadylar.

Türkmen tarapy Türkmenistanyň prezidentiniň “dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldaw tapýan” konstruktiw teklipleri hakynda gürrüň berdi.

TDH-nyň suraty

“Häzirki wagtda ýurdumyzda hususy bölegiň ösdürilmegi hem-de Türkmenistanyň ykdysadyýetine göni daşary ýurt maýa goýumlary görnüşinde gönükdirilýän serişdeleriň artdyrylmagy üçin amatly maýa goýum ýagdaýy döredildi.Hususan-da, degişli kadalaşdyryjy-hukuk binýady, şol sanda daşary ýurt maýa goýumlarynyň goraglylygyny kepillendirýän degişli kanunçylyk namalary işlenip taýýarlanyldy we kämilleşdirilýär. 2017-nji ýylyň oktýabr aýynda Erkin ykdysady zolaklar hakynda Kanun kabul edildi, ol düýpli ýeňillikleri, şol sanda salgyt ulgamynda hem-de ýer böleklerini kärendä bermekde ýeňillikleri berýär.

Kiçi we orta telekeçilik üçin ýurdumyzda salgyt salmagyň ýönekeýleşdirilen ulgamy hereket edýär, hususy bölegiň ösdürilmegini höweslendirmek maksady bilen bolsa döwletimiz pes göterimli ýeňillikli karzlary berýär” diýip, TDH ýazýar.

Maslahatyň soňunda özara düşünişmek, bilelikdäki hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň arasynda Ähtnama, şeýle hem Türkmenistanda durmuşa geçirilmegi mümkin bolan taslamalary maliýeleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümetiniň we “Al Qamra Holding Group” (Katar Döwleti) kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Вики: Durnukly ösüş maksatlary (DÖM) (iňl.

Sustainable Development Goals (SDGs)), resmi taýdan “Dünýäni özgertmek: 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibi — geljekdäki halkara hyzmatdaşlygy üçin maksatlar toplumy bolup, 2015-nji ýylyň aýagynda müňýüllyk ösüşiniň maksatlarynyň ornuny aldy.

Bu maksatlara 2015-nji ýyldan 2030-njy ýyla çenli aralykda ýetmek planlaşdyrylýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy dünýä metbugatynyň sahypalarynda
TURKMENISTAN AND UNOPS: NEW LANDMARKS OF COOPERATION FOR THE ATTAINMENT OF THE SUSTAINABLE DEVELOPMENT GOALS
Turkmenistan and the United Nations are committed to long-term cooperation
The ceremony of signing a joint program with the UN was held at the MFA of Turkmenistan
Turkmenistan is hosting the International Conference “Rational use of water resources key for achieving the Sustainable Development Goals”
ANTÓNIO GUTERRES: "THE STATUS OF PERMANENT ТEUTRALITY OF TURKMENISTAN WILL CONTRIBUTE TO STRENGTHENING PEACE AND SECURITY IN CENTRAL ASIA"