Türkmenistan BMG — Zenanlar düzüminiň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlanyldy

Türkmenistan BMG — Zenanlar düzüminiň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlanyldy

BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň (EKOSOS) nobatdaky mejlisiniň dowamynda Türkmenistan 2022 — 2024-nji ýyllar döwri üçin BMG-niň Gender deňligi hem-de zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek meseleleri boýunça düzüminiň Ýerine ýetiriji geňeşiniň (BMG — Zenanlar) agzalygyna saýlanyldy.

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň doly hukukly agzasy bolup hem-de bu ugurda esasy halkara konwensiýalara goşulmak bilen, BMG — Zenanlar düzüminiň Ýerine ýetiriji geňeşi boýunça yzygiderli çäreleri görýär hem-de öz üstüne alan borçnamalaryna üýtgewsiz eýerýär.

Türkmen Lideriniň belleýşi ýaly, zenanlara hormat goýmak türkmen halkynyň gadymy däpleriniň biridir.Aýal-gyzlar jemgyýetimizde mynasyp orun eýeläp, dürli ugurlarda, şol sanda ýolbaşçy wezipelerde üstünlikli zähmet çekýärler. Ýurdumyzda zenanlaryň öz hünär, aň-paýhas we döredijilik mümkinçiliklerini doly amala aşyryp bilmegi üçin ähli şertler döredilýär.

Döwletimiz aýal-gyzlaryň hukuklarynyň goralmagyny hem-de üpjün edilmegini kepillendirýär, enäniň we çaganyň saglygyny goramak boýunça toplumlaýyn işleri amala aşyrýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan BMG-niň dürli guramalarynyň düzümine nobatdaky gezek saýlanyldy
Köpugurly we netijeli gatnaşyklar
Türkmenistan BMG-niň dürli guramalarynyň düzümine nobatdaky gezek saýlanyldy
Türkmen wekiliýeti III Ýewraziýa zenanlar forumyna gatnaşdy
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyk
“Garaýagyz Supermen” peýda bolar