Türkmenistan — BMG: sebit ykdysady maksatnamasy durmuşa geçirilýär

Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň 2019-njy ýylda BMG-niň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasyna (SPEKA) başlyklyk etmeginiň çäklerinde SPEKA günlerine badalga berildi. Şu günki duşuşygyň esasy wakasy ýurdumyzyň başlangyjy esasynda söwda syýasaty boýunça tegelek stoluň başynda ýokary derejedäki duşuşygy geçirmekden hem-de durnukly ulag we söwda boýunça iş toparlarynyň mejlisini guramakdan ybaratdyr.

SPEKA sebitinde söwda işiniň ýönekeýleşdirilmegi hakynda Bütindünýä söwda guramasynyň ylalaşygyny durmuşa geçirmek: Merkezi Aziýa köptaraply söwda ulgamynda” atly mowzuk esasynda Ýyldyz myhmanhanasynda geçirilen foruma Azerbaýjan, Owganystan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan ýaly maksatnama gatnaşyjy ýurtlaryň wekilleri gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary syýasat konsepsiýasyna laýyklykda, ýurdumyz strategik häsiýete eýe bolan BMG bilen hyzmatdaşlyga örän jogapkärçilikli çemeleşýär.Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan Milletler Bileleşiginiň dürli pudaklarda

amala aşyrýan maksatnamalaryna işjeň gatnaşýar.Döwletimiziň başlyklyk etmeginde guralýan halkara hem-de sebitara derejedäki çäreler parahatçylygyň we howpsuzlygyň saklanmagyna, durnukly ösüşiň üpjün edilmegine, söwda, ykdysady, medeni hem-de ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklaryň yzygiderli giňeldilmegine gönükdirilendir. Şu günki geçirilen çäreler we geljek üçin bellenilen meýilnamalar munuň aýdyň subutnamasydyr.

BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Bütindünýä söwda guramasy we ýurdumyzyň hökümeti bilen hyzmatdaşlykda guran “tegelek stoluň” başynda geçirilen pikir alyşmalaryň dowamynda ýurdumyzyň hökümeti tarapyndan halkara ykdysady gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň biri bolan söwda pudagyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerine aýratyn üns berildi.

Duşuşygyň esasy maksady söwda işleriniň ýönekeýleşdirilmegine gönükdirilen çäreleri iş ýüzünde durmuşa geçirmekde bilelikdäki hyzmatdaşlyk üçin esaslary gözlemekden ybaratdyr.Bu wezipe Aşgabatda geçirilýän SPEKA günleriniň umumy konsepsiýasyna doly laýyk gelýär.

Ol sebitde BMG-niň kadalaryny, standartlaryny ulanmak arkaly, söwda we ulag ulgamlaryndaky böwetleri azaltmak boýunça başlangyçlara goldaw bermäge gönükdirilendir. Şeýle hem ol sebitleýin bazarlaryň giňeldilmegini, maýa serişdelerini, täzeçil tehnologiýalary çekmek üçin Ýewropanyň we Aziýanyň ykdysadyýetleri bilen goşulyşmak, serhetüsti satuw ulgamlaryny pugtalandyrmak meselelerini esasy ugur edinýär. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, forum söwdada we ykdysadyýetde SPEKA döwletleriniň ileri tutulýan ugurlaryny aýan edýär.

Soňky ýyllarda sebitleýin ykdysady utgaşma ýurtlaryň sazlaşykly ösüşi üçin möhüm şert hasaplanylýar.Ol has iri bazarlaryň döremegini şertlendirýär. Şunlukda, esasy üns sebitleýin söwda ylalaşyklarynyň ähmiýetine berildi.Ol maýa goýumlary, söwda işiniň ýönekeýleşdirilmegini, bäsleşikli syýasaty, döwlet satyn alyş nyrhlaryny, durmuş ösüşini we söwdada tarifsiz böwetleriň beýleki meselelerini öz içine alýar.

Bu ulgamda göz öňünde tutulan çäreleriň amala aşyrylmagy harytlaryň hereketi üçin degişli böwetleri bolmadyk sebitleýin bazaryň döredilmegini şertlendirer.Türkmen tarapynyň wekilleri öz çykyşlarynda söwda pudagynyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan ykdysady strategiýasynda möhüm orun eýeleýändigini we onuň içerki ösüş meýillerini, bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn esasda geçmegiň netijeliligini we döwletara gatnaşyklaryň esasy ugurlaryny beýan etdiler.

Haryt dolanyşygynyň görkezijileriniň ösüşi ilatyň ýaşaýyş we durmuş derejesiniň ýokarlanýandygyny alamatlandyrýar.Daşary söwda dolanyşygynyň ösüşi bolsa ýurdumyzyň önümleriniň daşary ýurt bazarlaryna iberilýän ugurlarynyň artýandygyny äşgär edýär. Şunuň bilen baglylykda, döwletimiz hususy pudaga hemmetaraplaýyn goldaw berýär.

Munuň özi söwda pudagynyň ösüşine kuwwatly itergi berýär.Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça bu ulgamda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň netijesinde, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýady berkidildi.Onuň düzümleri döwrebaplaşdyryldy.

Täze iş orunlary döredildi.Sarp ediş bazarlarynyň bolçulygy, ýerli serişdeleriň hasabyna azyk üpjünçiligi ýola goýuldy.Bütindünýä söwda guramasyna agzalygyň artykmaç taraplary, şol sanda Merkezi Aziýada söwda işini ýeňilleşdirmek üçin sebitleýin integrasiýa meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mälim bolşy ýaly, halkara söwdany we bu pudaga agza döwletleriň gatnaşyklaryny kadalaşdyrmak üçin 1995-nji ýylda döredilen Bütindünýä söwda guramasy täze ylalaşyklaryň işlenip taýýarlanmagyny we ornaşdyrylmagyny esasy ugur edinýär. Şeýle hem ol dünýäniň köp ýurtlary tarapyndan gol çekilen we olaryň parlamentleri tarapyndan tassyklanan şertnamalaryň düzgünleriniň berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrýar.

Türkmenistanda bu ugurda iş ýüzünde durmuşa geçirilýän çäreler bilen tanşyp, çykyş edenler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň amatly maýa goýum ýagdaýyny üpjün eden “Açyk gapylar” syýasatynyň daşary ýurtlaryň işewür toparlary bilen özara peýdaly gatnaşyklaryň berkidilmegini şertlendirýändigini nygtadylar.

Häzirki döwürde ýurdumyz ykdysadyýetiň ählumumylaşma ýagdaýyna işjeň gatnaşmak arkaly özüni deňhukukly we dünýä bileleşiginde ygtybarlylyk, açyklyk, howpsuzlyk ýaly esasy üç şertleriň üpjün edilmegini kepillendirýän döwlet hökmünde ykrar edildi. Ähli gyzyklanma bildirýän döwletler bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmek milli Liderimiziň ýurdumyzyň ykdysady mümkinçilikleriniň berkidilmegine, ilatyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagyna gönükdirilen syýasatynyň esasy ugry bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz dünýä ykdysady ulgamyna ygtybarly we netijeli goşulmak, döredilýän önümçilikleriň we önümleriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, halkara derejä laýyklykda, bazar gatnaşyklarynyň kanunçylyk esasyny ýola goýmak maksady bilen, Bütindünýä söwda guramasyna goşulmagy bilen baglanyşykly meseleleriň öwrenilmegini esasy ugur hökmünde kesgitledi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bu ugurda alnyp barylýan işler döwletimiziň dünýä ýüzünde geljekde eýelejek ornunyň berkidilmegine, diňe bir ählumumy ýagdaýlara işjeň gatnaşmaga bolan mümkinçilige däl, eýsem, özüniň bäsdeşlige ukyply artykmaçlyklaryny has doly güýjünde peýdalanmaga gönükdirilendir.

Umuman, bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeleri Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki ykdysady derejesiniň ýokarlanmagyna, möhüm, iri taslamalary durmuşa geçirmek üçin daşary ýurt maýalarynyň çekilmegine ýardam bermäge gönükdirilendir. Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, özara peýdaly gatnaşyklary mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak üçin bitewi mümkinçiligiň tapylmagyny şertlendirýän hyzmatdaşlyk durnukly söwda ösüşiniň ýokary depginlerini saklamakda ygtybarly binýat esasynda guralýar. Çykyşlarda söwda ulgamynda halkara gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň döwletimiziň köptaraply mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmegini üpjün edýändigi bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän düýpli özgertmeler syýasaty netijesinde, oňyn görkezijilere eýe bolan milli ykdysadyýetimize daşary ýurt maýadarlaryny çekmäge bolan gyzyklanmalar ýurdumyza ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaş hem-de uly abraýa, ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolan ýurt hökmündäki ýokary ynamy alamatlandyrýar.

Ara alyp maslahatlaşmagyň çäklerinde Bütindünýä söwda guramasynyň söwda işlerini ýönekeýleşdirmek baradaky ylalaşygyny durmuşa geçirmek üçin SPEKA maksatnamasyna gatnaşyjy ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy köptaraply söwda ulgamynyň kadalary esasynda höweslendirmek bilen baglanyşykly çäreler toplumynyň kabul edilmeginiň wajypdygyna aýratyn üns berildi.

Tegelek stoluň başynda geçirilen duşuşygyň ahyrynda wekiliýetleriň baştutanlary forumyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilendigi üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler we SPEKA agza döwletleriň netijeli gatnaşyklarynyň umumy maksatlara ýetmek ugrunda tagallalaryň birleşdirilmegine gönükdirilendigini nygtadylar. Şeýle hem şu gün durnukly ulag, üstaşyr we arabaglanyşyk boýunça SPEKA-nyň iş toparynyň 24-nji mejlisi geçirildi.

Onuň esasy mowzuklarynyň biri ulag taslamalaryna syn bermekden, SPEKA ýurtlarynda çäreleri we öňe sürlen başlangyçlary amala aşyrmakdan ybarat boldy.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, häzirki döwrüň ýagdaýyny nazara almak bilen, ählumumy ylalaşykly işde ulag diplomatiýasyna möhüm orun degişli bolup durýar.

Bu ugurdaky köptaraplaýyn gatnaşyklaryň görnüşleriniň ähmiýeti BMG we beýleki halkara düzümler tarapyndan tassyklanylýar.Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlarynyň arasynda işjeň we netijeli gatnaşyklary ýola goýmakda bu pudak möhüm orun eýeleýär.

Ol birek-birege hormat goýmak esasynda ösdürilýär.SPEKA maksatnamasyna gatnaşyjy döwletleriň aýratynlyklary olaryň Ýewropa bilen Aziýanyň çatrygynda geografik taýdan amatly ýerleşmegi bolup durýar.Bu bolsa üstaşyr geçelgeler, logistik hyzmatlary bermek babatda we dürli ugurlar boýunça söwda gatnaşyklarynyň netijeli hereketini üpjün etmekde ägirt uly mümkinçilige eýedir.

BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň we ESKATO sekretariatlarynyň wekilleri öz çykyşlarynda degişli hereketler we başlangyçlar, şeýle hem SPEKA ýurtlarynda ulag düzümini ösdürmäge goldaw bermek boýunça tagallalaryny mälim etdiler. Öz gezeginde, maksatnama agza döwletleriň wekilleri halkara we sebitleýin birleşmeleri gowulandyrmak üçin taýýarlan taslamalary bilen tanyşdyrdylar.

Milli ulag strategiýasy barada aýdylanda, Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek ýörelgesiniň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda ösdürilendigini bellemeli. Ýüpek ýoly köp asyrlaryň dowamynda Merkezi Aziýanyň çäginden geçipdir.Häzirki zaman şertlerinde bu yklymüsti ýol Türkmenistanyň sebitiň beýleki ýurtlarynyň ägirt uly ykdysady mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmegini, olaryň dünýäniň ulag ulgamyna goşulyşmagyny şertlendirer.

Bu ugurda, şol sanda BMG-niň hem-de beýleki abraýly halkara guramalaryň çäklerinde umumy tagallalary birleşdirmek işinde möhüm orny eýelemek bilen, ýurdumyz iri düzümleýin taslamalary öňe sürýär we daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde şolary amala aşyrýar hem-de sebit we ählumumy möçberde köp şahaly garyşyk düzümiň kemala gelmegine önjeýli goşant goşýar.

Durnukly ulag ulgamyny döretmek hakyndaky mesele barada aýtmak bilen, 2014-nji ýylyň sentýabrynda we 2016-njy ýylyň noýabrynda paýtagtymyzda ýokary derejedäki we ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyga kuwwatly itergi beren forumlaryň geçirilendigini bellemeli. Şolaryň jemleri boýunça Aşgabat jarnamasy we Aşgabat beýannamasy kabul edildi. Ýurdumyz tarapyndan öňe sürlen başlangyçlar Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2014-nji, 2015-nji we 2017-nji ýyllaryň dekabrynda kabul edilen degişli ýörite Kararnamalarynda öz beýanyny tapdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda ulag toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň düýpli döwrebaplaşdyrylmagyna hem-de yzygiderli ösdürilmegine gönükdirilen milli maksatnamalar işlenip taýýarlanyldy we üstünlikli durmuşa geçirilýär.Geografik taýdan amatly ýerleşen hem-de sebit we yklym ähmiýetli wajyp ulag-üstaşyr geçelgesi hem-de logistik merkez hökmündäki ornuny pugtalandyrmak bilen, ýurdumyz bu ugurda bar bolan mümkinçiliklerini dünýäde abadançylygyň bähbidine durmuşa geçirmäge çalyşýar. Üstaşyr akymlar logistikasyndaky mümkinçilikler Gazagystan — Türkmenistan — Eýran hem-de Serhetabat — Turgundy, Aziýa halkara ulag geçelgesiniň birinji nobatdakysy hasaplanýan Kerki — Ymamnazar — Akina demir ýollarynyň, Amyderýanyň üstünden geçýän döwrebap demirýol we awtoulag köprüleriniň, Türkmenbaşy şäherinde täze Halkara deňiz portunyň hem-de paýtagtymyzda hem-de welaýat merkezlerinde Halkara howa menzilleriniň gurulmagy, Aşgabat — Türkmenbaşy we Aşgabat — Türkmenabat ýollarynyň durkunyň täzelenmegi hem-de ýokary tizlikli awtobanlaryň gurulmagy arkaly has-da ähmiýetli bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň 2019-2020-nji ýyllaryň döwri üçin Ýewropa ykdysady komissiýasynyň içerki ulag baradaky Komitetiniň Býurosyna saýlanandygyny bellemeli.

BMG-niň bu düzümine saýlanmak bilen, Türkmenistan häzirki zamanyň ählumumy meseleleriniň çözgüdi boýunça wajyp başlangyçlary öňe sürýär.Milli Liderimiziň ýakyn geljek üçin bellän möhüm wezipeleriniň hatarynda dünýäniň ulag ulgamyna yzygiderli goşulmak hem-de Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlarynda baglanyşdyryjy ugurlar bolan esasy magistral ulgamlar boýunça düzümi mundan beýläk-de giňeltmek meseleleri bar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurlarda möhüm ulag geçelgeleriniň döredilmeginiň Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek baradaky maksatlary ýerine ýetirmekde we Ýewraziýanyň iki ykdysady giňişliklerini birleşdirmekde möhüm ähmiýete eýedigini belleýär. Şeýle hem ol Hytaýa, Hindistana, Pakistana, Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň we Ýakyn Gündogaryň ýurtlaryna çykalgasy bolan günorta hem-de gündogar ugurlardaky ählumumy ulag ulgamyna goşulmak mümkinçiligini üpjün edýär.

Umuman, döwletimiz dünýä ykdysadyýetiniň möhüm bölegi bolan hem-de häzirki döwürde onuň ösüşini düzýän ulag-aragatnaşyk ulgamyndaky halkara gatnaşyklaryň ösdürilmegine mynasyp goşant goşýar. Şeýle hem milli Liderimiziň başlangyçlarynyň Halkara ekspeditorçylyk assosiasiýalarynyň federasiýasynyň (FIATA) we bilelikdäki işe, bu ugurda tejribe alyşmaga gyzyklanma bildirýän abraýly guramalaryň ýokary bahasyna mynasyp bolandygyny bellemeli.

Mälim bolşy ýaly, bu ugruň ägirt uly geljegi bar.Duşuşygyň dowamynda häzirki döwürde ýurtlaryň her biriniň deňiz, awtoulag, demir ýol düzümlerini döretmek we howa ugurlary boýunça iri taslamalary durmuşa geçirýändigi bellenildi.

Hereket edýän yklymüsti ugurlaryň işjeňleşdirilmegi, Merkezi Aziýanyň çäginden geçýän täze halkara geçelgeleriň döredilmegi SPEKA gatnaşyjy döwletleriň mundan beýläk-de sazlaşykly durmuş-ykdysady ösüşi üçin möhüm şert döredilmegine, şolaryň maýa goýum işjeňliginiň ýokarlanmagyna, şeýle hem sebitleýin we sebitara söwda-ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegine gönükdirilendir.

Forumyň ähmiýetini bellemek bilen, oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatyna we Türkmenistanyň ulag-aragatnaşyk ulgamyndaky özara peýdaly halkara gatnaşyklaryň berkidilmegine degişli hem-de häzirki döwrüň talabyna laýyk gelýän garyşyk düzümiň döredilmegine, döwletleriň we sebitleriň ykdysady ugurlarynyň üpjün edilmegine ukyply integrasiýa serişdeleriniň ösdürilmegine hem-de milli bähbitlere goldaw berilmegine goşýan goşandyna ýokary baha berdiler.

Duşuşygyň çäklerinde halkara konwensiýalaryna we ylalaşyklara goşulmak, şolary iş ýüzünde durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynyň ulgamyndaky hukuk resminamalarynyň ähmiýeti iş topary tarapyndan tassyklanyldy we SPEKA agza ýurtlaryň ýakyn döwür üçin konwensiýalary tassyklamalary babatdaky tagallalaryny işjeňleşdirmegiň zerurdygy bellenildi. Şunuň bilen birlikde, maksatnama gatnaşyjy ýurtlaryň halkara demir ýol gatnawlary arkaly gatnadylýan ýolagçylary, el goşlaryny we ýükleri serhetden geçirmegiň kadalaryny ýönekeýleşdirmek hakyndaky Konwensiýa, şeýle hem Aziýa awtoulag ýollary ulgamy boýunça halkara awtoulag gatnawlary hakyndaky Hökümetara ylalaşyga goşulyşmak mümkinçiliklerini öwrenmegiň möhümdigine üns berildi.

Garalan meseleleriň hatarynda gatnawlary ýönekeýleşdirmek üçin milli utgaşdyryş gurallaryny döretmek we onuň hereketi bilen baglanyşykly wezipeler bar. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň we ESKATO-nyň Sekretariatlary deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar üçin hereketleriň Wena maksatnamasynyň çäklerindäki çäreler hakyndaky maglumatlary we milli utgaşdyryjy gurallary döretmegiň hem-de berkitmegiň gollanma ugurlaryny işläp taýýarlamak bilen baglanyşykly maglumatlary beýan etdiler.

Mundan başga-da, maksatnama gatnaşyjy döwletleriň milli utgaşdyryjy gurallaryň hereketlerini we işlerini maliýeleşdirmek üçin döwlet hem-de hususy pudaklaryň serişdelerini jemlemäge bolan taýýarlyklary höweslendirmek barada aýdyldy. Şeýle hem bu ýere ýygnananlar serhetüsti we üstaşyr gatnawlar üçin böwetleri peseltmegiň ýollary hakynda dürli gyzyklanma bildirýän taraplaryň umumy eýeleýän ornuny taýýarlamak maksady bilen, degişli maslahatlaryň geçirilmeginiň zerurdygyny nygtadylar.

Nobatdaky mejlisiň gün tertibine girizilen meseleler boýunça pikir alyşmalaryň çäklerinde SPEKA gatnaşyjy ýurtlaryň hökümetleri tarapyndan deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin ulag çykdajylaryna sanaw taýdan baha bermek üçin ylalaşykly ugry işläp taýýarlamak boýunça ITC WP.5 işine gatnaşmak teklip edildi.

Bu duşuşygyň geçirilmegi sebitiň we dünýäniň işewür toparlarynyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwletiň we jemgyýetiň durmuşynyň ähli ulgamlarynda geçirýän özgertmeler syýasatynyň oňyn tejribesine barha artýan gyzyklanmalarynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi, Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşde gazanan haýran galdyryjy üstünlikleri bu syýasatyň netijesidir.

Ertir SPEKA-nyň durnukly ulag, üstaşyr we arabaglanyşyk boýunça iş topary öz işini dowam eder.

Ýene degişli makalalar

18.11.2019 | Türkmenistan — BMG: sebit ykdysady maksatnamasy durmuşa geçirilýär
Türkmenistan BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürýär
BMG-nyň Ýewropa ykdysady komissiýasy bilen hyzmatdaşlygyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistan we BMG: giň gerimli hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary
Türkmenistan we ESKATO hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdylar
Beýik döwlet bizi saýasyna aldy. Gazagystandan pena alyp bilmedik garagalpaklar ABŞ bardylar