Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň kömekçisi Ruwendrini Menikdiwelany kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda R.Menikdiwela Türkmenistanyň döwlet Baştutanyna Türkmenistanda raýatsyzlygy aradan aýyrmak boýunça tagallalaryna ýokary baha berýän degişli güwänamany gowşurdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
R.Menikdiwela BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň hem-de BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissary Filippo Grandiniň mähirli salamyny ýetirip, BMG-niň ählumumy parahatçylyk başlangyçlary öňe sürýän Bitarap Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýändigini nygtady.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow adam hukuklary babatda Türkmenistanyň gazanan üstünlikleriniň ykrar edilýändigi üçin minnetdarlyk bildirip, myhmanyň Merkezi Aziýanyň raýatsyzlyk meseleleri boýunça maslahatyna gatnaşmagynyň BMG bilen gatnaşyklary has-da berkitmäge ýardam etjekdigini belledi.
Türkmenistanyň döwlet Baştutany Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýerip, halkara guramalar, ilkinji nobatda, BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary, şol sanda Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň müdirligi bilen işjeň gatnaşyklary alyp barýandygyny nygtady.
Söhbetdeşligiň dowamynda Serdar Berdimuhamedow “Türkmenistanda raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça 2019 2024-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň” ähmiýetini nygtap, 32 müňden gowrak adamyň Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilendigini, 5 müňden gowrak daşary ýurt raýatyna we raýatlygy bolmadyk adamlara bolsa Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamalaryň berlendigini aýtdy. Munuň özi ýurduň halkara borçnamalary ýerine ýetirmäge ygrarlydygyny görkezýär.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuklaryny goramakda halkara borçnamalary ýerine ýetirmek babatda işleri dowam etdirmäge Türkmenistanyň taýýardygyny tassyklap, Ruwendrini Menikdiwela işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.