Türkmenistan BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde geçirilen açyk çekişmä gatnaşdy

Türkmenistan BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde geçirilen açyk çekişmä gatnaşdy

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde halkara parahatçylygy hem-de howpsuzlygy üpjün etmekde sebitleýin we sebitara guramalaryň ornuna bagyşlanan açyk çekişme guraldy. Russiýa Federasiýasynyň başlyklyk etmeginde 19-njy iýulda geçirilen duşuşykda BMG-niň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy (GDA) we Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy (ŞHG) ýaly iri düzümler bilen hyzmatdaşlygynyň ähmiýeti nygtaldy. Bu barada Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy habar berýär.

Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekili, ilçi Aksoltan Ataýewa resmi Aşgabadyň sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň tarapdarydygyny we BMG-niň guramalaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen başlangyçlaryny goldaýandygyny beýan etdi.Ilçi Türkmenistanyň sebit diplomatiýasynyň gurallaryny wagyz etmekdäki işjeň ornuny we ýurduň hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyna ygrarlydygyny nygtady. Şeýle-de Aşgabatda ýerleşýän BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň bu sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýedigi bellenildi.

Mundan başga-da, BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde guralan çekişmede sebit guramalarynyň diňe bir ýerli däl, eýsem, ählumumy meseleleri çözmekde barha uly orna eýe bolýandygy nygtaldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan Durnukly ulagyň dostlary toparynyň Ministrler derejesindäki ilkinji duşuşygyna gatnaşdy
Türkmenistanda azyk howpsuzlygy boýunça halkara maslahat geçirmek teklip edilýär
Türkmenistan Owganystanyň goňşularyny "Talyban" bilen hyzmatdaşlyk saklamaga çakylygy
BMG-niň Baş Assambleýasy Merkezi Aziýany parahatçylygyň zolagy diýip yglan etdi
IJF reýtingi täzeledi. Türkmenistanly dzýudoçylar näçinji orunda?
IJF reýtingi täzeledi. Türkmenistanly dzýudoçylar näçenji orunda?