Türkmenistan BMG-niň dürli guramalarynyň düzümine nobatdaky gezek saýlanyldy

Türkmenistan BMG-niň dürli guramalarynyň düzümine nobatdaky gezek saýlanyldy

BMG-den gelip gowşan habarlar Türkmenistanyň belent halkara abraýynyň, Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň strategik häsiýetiniň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

2021-nji ýylyň 20-nji aprelinde BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň (EKOSOS) nobatdaky mejlisiniň dowamynda Türkmenistan 2022 — 2024-nji ýyllar döwri üçin BMG-niň Gender deňligi hem-de zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek meseleleri boýunça düzüminiň Ýerine ýetiriji geňeşiniň (BMG — Zenanlar) agzalygyna saýlanyldy.

Mundan başga-da, 21-nji aprelde Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde geçirilen BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (ÝYK) 69-njy mejlisiniň dowamynda Türkmenistan bu guramanyň 2021 — 2023-nji ýyllar döwri üçin wise-başlyklygyna biragyzdan saýlanyldy.

Bitarap Türkmenistan Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda parahatçylyk söýüjilik, “Açyk gapylar” we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny üstünlikli amala aşyrmak bilen, saýlap alan ugruna üýtgewsiz eýerýär. Şunda BMG bilen köpugurly, netijeli gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Şol gatnaşyklar soňky ýyllarda täze mazmuna eýe boldy.

Türkmenistanyň halkara syýasy, ykdysady, medeni we hukuk giňişligine sazlaşykly goşulmak bilen, bu ugurda alyp barýan işlerini aýdyň işjeňleşdirdi.Häzirki wagtda Milletler Bileleşigi bilen däbe öwrülen hyzmatdaşlygyň gerimi toplanan baý tejribä hem-de uly mümkinçiliklere esaslanyp, şol sanda BMG-niň esasy agentlikleriniň hem-de iri ýöriteleşdirilen guramalarynyň ugry boýunça yzygiderli giňeldilýär.

Munuň özi, ozaly bilen, Türkmenistanyň halkara gatnaşyklardaky başlangyçlary we onuň sebit hem-de dünýä möçberindäki möhüm meseleleri çözmekdäki ähmiýeti bilen baglanyşyklydyr.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji ýubileý mejlisiniň başlygynyň orunbasarydygyny, bu hormatly wezipä altynjy gezek saýlanandygyny, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 58-nji, 62-nji, 64-nji, 68-nji hem-de 71-nji mejlisleriniň işine hem wise-başlyk hökmünde gatnaşandygyny bellemek gerek.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň abraýly düzümleriniň we ykdysady edaralarynyň düzümine eýýäm birnäçe gezek saýlanyldy. Şolaryň hatarynda BMG-niň esasy edaralarynyň biri bolan EKOSOS, Ilat we ösüş boýunça komissiýa, Bütindünýä azyk maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji geňeşi, ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşi, BMG-niň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy (SPEKA), BMG-niň Neşe serişdeleri boýunça komissiýasy, BMG-niň Bosgunlaryň işleri boýunça Ýokary komissarynyň maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komiteti we beýlekiler bar.

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň abraýly edaralarynyň düzümine saýlanmak bilen, geljekde hem netijeli halkara gatnaşyklary giňeltmäge hemmetaraplaýyn ýardam etmegi maksat edinip, parahatçylyk döredijilikli kuwwatyny BMG-niň yglan eden Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan BMG-niň dürli guramalarynyň düzümine nobatdaky gezek saýlanyldy
Köpugurly we netijeli gatnaşyklar
Türkmenistan BMG-niň ÝYK-nyň sebitleýin forumyna gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Türkmenistan arzuw-maksatlaryň hasyl bolýan ýurdudyr, gülläp ösüşiň we bagtyýarlygyň mekanydyr
Türkmenistan BMG — Zenanlar düzüminiň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlanyldy
Türkmen wekiliýeti III Ýewraziýa zenanlar forumyna gatnaşdy