Türkmenistanyň Italiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Toýly Kömekow Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalygy guramasynyň (FAO) Rimdäki baş edarasynda BMG-niň Azyk we oba hojalygy guramasynyň bölüminiň başlygy Serge Nakuziniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada ilçihana habar berýär.
Bellenilişi ýaly, ilçisi guramanyň işine oňyn baha berdi we Türkmenistanyň bu ugurda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek isleýändigini aýtdy.
Mundan başga-da Azyk we oba hojalygy guramasynyň dürli ugurlarynda Türkmenistanyň wekilleri üçin tejribe toplamak, oba hojalygy, howanyň üýtgemegi, suw baýlyklaryny dolandyrmak we çölleşmäge garşy göreş boýunça ökde hünärmenleri taýýarlamak meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.