Türkmenistan BMG bilen hyzmatdaşlyk edýän hukuk goraýjylary yzarlaýan ýurtlaryň hataryna girdi

BMG-nyň adam hukuklary baradaky komiteti Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk edýändigi üçin yzarlanýan hukuk goraýjylaryň rekord derejede ösendigini habar berdi.Bu barada “Lenta” neşiri “Reuters” habar gullugyna salgylanyp ýazýar.

BMG-nyň Baş sekretarynyň adam hukuklary boýunça orunbasary Endrýu Gilmor häkimiýetleri hukuk goraýjylary aktiwlik bilen yzarlaýan ýurtlaryň, Adam hukuklary komitetiniň dokuz agzasynyň sanawyny habar berdi (bu organyň düzümine jemi 47 agza-ýurt girýär). Gilmoryň sanawynda: Burundi, Müsür, Ruanda, Kuba, Wenezuela, Hytaý, Hindistan, Saud Arabystany we BAE bar.

BMG bilen hyzmatdaşlyk edýändigi üçin hukuk goraýjylary yzarlamagy dowam etdirýän beýleki ýurtlaryň arasynda Alžir, Bahreýn, Eritreýa, Gonduras, Eýran, Ysraýyl, Mawritaniýa, Meksika, Marokka, Mýanma, Oman, Pakistan, Günorta Dudan, Täjigistan, Taýland, Türkiýe, Türkmenistan we Özbegistan hem bar.

Gilmoryň sözlerine görä, aktiwistleri türmä taşlaýarlar, işden kowýarlar, olaryň öýlerini we ofislerini dökemk üçin yzygiderli polisiýa reýdlerini geçirýärler, öz dogduk şäheriniň çäginden daşa çykmagyny gadagan edýärler, bank hasaplaryny doňdurýarlar.

Bikanun tussag etmeleriň, gynamlaryň we zorlamalaryň kän mnysaly hasaba alyndy.Käbir ýurtlar hukuk goraýjylaryň garşysyna ulanylýan zorlugy olary terrorçylykda aýyplamak ýa-da daşary ýurt razwedkasy bilen hyzmatdaşlykda günälemek bilen aklamaga çalyşýarlar.

Ýatladýarys, awgustda Aşgabatda hukuk goraýjy Natalýa Şabuntsa hüjüm edildi.

Iki sany aýal hapa sögünip, hukuk goraýjynyň yzyna düşdi we oňa “Öz Russiýaňa gümüňi çek” diýip gygyrdylar, “özleriniň öz ajaýyp ýurtlarynda örän gowy ýaşaýandyklaryny” aýtdylar. Bu hüjümiň Hatalýa Şabuntsyň aktiw graždan işeňňirligi bilen baglydygyna şübhelenmese bolar.

Ýene degişli makalalar

Ýewraziýa ýurtlarynyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Gazy eksport ediji döwletleriň forumy Türkmenistanyň gurama agza bolmagyna gyzyklanma bildirýär
Britan DIM-i Türkmenistanda adam hukuklary ýagdaýynyň gowulaşmandygyny aýdýar
Freedom House: Dünýäde demokratiýa “barha pese gaçýar”; Türkmenistan "erbetleriň erbedi"
OPEC ýurtlary we hyzmatdaşlary nebit önümçiligini tapgyrlaýyn artdyrmagy ylalaşdylar
Ekspert: Türkmenistanda ýyllyk inflýasiýa tasdan 300%-e ýetdi