Türkmenistan ÝHHG-ni öz daşary syýasatynda strategik hyzmatdaş hasaplaýar.Bu barada ÝHHG-niň Ministrler geňeşiniň 29-njy mejlisinde Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky (Wena şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Birleşen Milletler Guramasynyň Wenadaky ştab-kwartirasynda Türkmenistanyň Hemişelik wekili; BMG-niň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekili; Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň baştutany; Ýadro synaglaryny hemmetaraplaýyn gadagan etmek baradaky Şertnama Guramasynyň (Wena şäheri, Awstriýa Respublikasy) taýýarlaýyş toparynyň ýanyndaky wekili; Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekili Hemra Amannazarow aýtdy diýip, Trend habar berdi.
Diplomatyň aýtmagyna görä, Türkmenistan guramanyň ornuny sebit we dünýä derejesinde ýokarlandyrmak hem-de güýçlendirmek ugrundaky tagallalaryny dowam etdirer.
Amannazarow şu ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlykda Dialog — parahatçylygyň kepili atly halkara maslahaty geçirjekdigini, munuň häzirki geosyýasy şertlerde parahatçylygy berkitmek üçin zerur ädimdigini aýtdy.
Diplomat häzirki döwürde Merkezi Aziýa we Hazar deňzi sebitleriniň halkara syýasatyň merkezinde durýandygyny aýtdy. Bu, esasan, sebitiň kuwwatly energiýa çeşmesi potensialy, artykmaçlyklary, geo-ykdysady ýagdaýy, şeýle hem ulag we aragatnaşyk geçelgelerini ösdürmekde uly mümkinçilikleri bilen baglanyşykly diýip, çeşme belleýär.