25-nji oktýabrda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy strategik maslahat beriş geňeşiniň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Mälim bolşy ýaly, bu geňeş döwlet Baştutanymyzyň goldaw bermeginde 2024-nji ýylyň martynda döredildi. Şu ýyl onuň mejlisleriniň ikisi geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna noýabr aýynda geňeşiň nobatdaky mejlisini geçirmek we onuň gün tertibi baradaky teklipler hödürlenildi.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen “2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnama laýyklykda, Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleriň meýilnamasynyň deslapky taslamasy işlenip düzüldi we ony öňümizdäki mejlisde ara alyp maslahatlaşmak teklip edilýär.
Durnukly ösüş maksatlaryny milli derejede durmuşa geçirmekde ulgamlaýyn çemeleşmeleri we oňyn tejribeleri ornaşdyrmak maksady bilen, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasy we ýurdumyzyň degişli ministrlikleri, pudak edaralary bilen bilelikde taýýarlanylan 2024 — 2026-njy ýyllarda Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlary boýunça hasabatlylygy berkitmek baradaky Ýol kartasyna garamak teklip edilýär.
Bu resminamanyň çäklerinde Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edaralary bilen bilelikde birnäçe çäreleri guramak meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, BMG bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmegiň Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigini belledi. Ýurdumyz bu abraýly gurama bilen hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge aýratyn üns berýär.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy esasynda 2025-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edildi.Bu Kararnama bilen bagly ýurdumyzda we dünýä döwletlerinde birnäçe halkara çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz geňeşiň nobatdaky mejlisini geçirmek hem-de mejlisde degişli çäreler boýunça soraglary ara alyp maslahatlaşmak bilen bagly teklibi goldap, wise-premýer, daşary işler ministrine anyk tabşyryklary berdi.