1992-nji ýylyň 8-nji iýulynda Türkmenistan 1975-nji ýylyň jemleýji namasyna gol çekdi we Ýewropada Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk boýunça Maslahatynyň doly hukukly agzasy boldy. Ýurdumyzyň bu gurama agza bolmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli Türkmenistan bilen ÝeHHG arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary hakynda ÝeHHG-nyň Aşgabatdaky Merkeziniň Baştutany, Ilçi Natalýa Drozd şeýle gürrüň berýär:
-1999-njy ýylda Aşgabatda ÝeHHg-nyň Merkezi açylandan soň işjeň iki taraplaýyn hyzmatdaşlyk başlandy, onuň işi üç ugruň sazlaşygyna: Türkmenistanyň bitaraplyk derejesine we esasy maksatlaryna, ÝeHHG-nyň ileri tutýan ugurlaryna we döwrüň ähmiumumy we sebit parahatçylygyna transmilli wehimlerine garşy çönükdirilendir.
Biziň harby-syýasy ulgamdaky işimiz hukuk goraýjy we harby edaralaryň işgärleriniň terrorçylyga, neşe serişdeleriniň we ýaraglaryň bikanun dolanşygyna garşy hereketlere,şeýle hem serhetleriň howpsuzlygy meselelerinde hünär ussatlygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
Geçen ýyl Merkez Stambul prosessiniň Sebit infrastrujturasynda“ başlyklarynyň biri hökmünde Türkmenistanyň Hökümetine goldaw bermek boýunça taslamasyny durmuşa geçirmäge girişdi. Şunuň bilen baglanşyklylykda ýurduň Stambul prosessini durmuşa geçirmekdäki ähmiýetini, Owganystandaky ýagdaýy parahatçylykly düzgünleşdirmek we durmuş-yldysady ösüşine ýardam etmek boýunça teklip edýän başlangyçlaryny we syýasy-diplomatik tagallalaryny bellemek gerek.
Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlygyň çäklerinde Merkez aeroportda we iri jemgyýetçilik çäreleriniň geçirilýän ýerlerinde howpsuzlygy üpjün etmek boýunça hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri üçin dürli öwrediji çäreleri yzygiderli geçirip durýar.
Ykdysady-ekologiýa ulgamynda-da ÝeHHG bilen Türkmenistanyň hyzmatdaşlygynyň çägi giňeýär.Gurama Türkmenistanyň energetika howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça eýeleýän işjeň ornuny goldaýar. ÝeHHG-nyň Aşgabatdaky Merkezi energetika pudagynyň ylmy-barlag işlerine bilermenlik goldawyny berýär.
Hususan-da, Merkez Mary şäherindäki Türkmen Döwlet energetike instituty bilen durnukly energiýa babatda milli mümkinçilige baha bermek we energiýanyň dikeldilýän çeşmeleri boýunça milli strategiýany işläp taýýarlamak meseleleri babatda netijeli hyzmatdaşlyk edýär.
Uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň mysaly hökmünde bir taslamany mysal getrise bolar, onuň çäklerinde 2014-nji ýylda Maliýe ministrliginiň ýanynda netijeli döwlet dolandyryşynyň meseleleri boýunça Serişdeler merkezi açyldy, onuň işi korrupsiýa garşy durmak babatda hereketlerde maglumatlary ýygnamaga we alyşmaga gönükdirilendir.
Tebigy kuwwat“ jemgyýetçilik guramasy bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrylýan Türkmenistandaky Orhus merkezi“ taslamasy Türkmenistanyň Orhus konwensiýasy“ ady bilen tanalýan Daşky gurşawa degişli meseleler boýunça maglumatlaryň elýeterligi, jemgyýetçiligiň çözgütleri kabul etmäge gatnaşmagy we kazyýetiň elýeterligi hakyndaky“ Konwensiýasyny durmuşa geçirilmegine gönükdirilendir.
Merkez şu ýyl ykdysady-ekologiýa işiň çäklerinde täze taslamalary durmuşa geçirmäge girişdi, olaryň arasynda ulag-logistika strategiýasyna ýardam etmek, galyndylary netijeli dolandyrmak we tebigy heläkçilikleriň netijeleriniň aňryçäk azaltmak ýaly meseleler bar.
Ynsanperwerlik ulgamynda-da hyzmatdaşlygymyz üstünlikli amala aşyrylýar. Türkmenistanda Ombudsmen Institutynyň döredilmegi bilen biz ÝeHHG ýurtlary bilen tejribe alyşmak boýunça taslamany teklip etdik. Merkez şeýle hem halkara ölçeglerine laýyklykda hukuk özgertmelerini durmuşa geçirmäge ýardam edýär we bu ugurdaky ýokary okuw mekdepleri bilen özara hereket edýär.
Ýurduň jemgyýetçilik guramalary bilen gender deňliginiň ugurlary we maşgaladaky zulum hem-de adam söwdasy meselelerinde jemgyýetçiligiň habardarlygyny ýokarlandyrmak boýunça-da işjeň hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Penitensiar ulgamy kämilleşdirmek we adam hukuklary, şol sanda din saýlamak erkinligi babatda halkara ölçeglerini ornaşdyrmak ýaly ugurlarda taslamalar durmuşa geçirilýär.
Halkara media-giňişliginiň häzirki ýagadaýy jähtinden galamgärleriň hünär endiklerini kämilleşdirmek, şol sanda onlaýn-serişdeleri ösdürmek hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň ýene biridir.
Türkmenistanyň Helsinki Jemleýji namasyna gol çekenden bäri geçen 25 ýylyň dowamynda iki taraplaýyn hyzmatdaşlyk täze görnüşlerde yzygiderli ösdürildi. Türkmenistan diňe bir ÝeHHG we beýleki halkara guramalaryna gatnaşygynyň çägini giňeltmäge ymtylman, eýsem olaryň işine goşandyny-da işjeňleşirmäge çalyşýar.
Türkmen lideriniň ähliumumy gün tertibiniň giňişleýin ugurlary boýunça halkara başlangyçlary ýokary baha mynasypdyr. ÝeHHG-nyň Türkmenistanda energiýa serişdelerini üstaşyr geçirmegiň we ulag geçelgeleriniň howpsuzlygyny üpjün etmek, beýleki wajyp meseleler boýunça halkara we sebit çärelerini geçirmegi ýurduň Gurama bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge isleginiň artýanlygna şaýatlyk edýär.
Mundan başga-da, 2017-nji ýylda Türkmenistanyň Energetika Hartiýasynyň Maslahatyna we 2017-2019-njy ýyllarda Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna başlyklyk etmegi netijeli hyzmatdaşlygy artdyrmaga täze mümkinçiliklre ýol açýar.
Türkmenistanyň Hökümeti bilen täze taslamalar işlenilip taýýarlanylýar, olaryň arasynda Hakara ynsanperwer we ösüş uniwersitetiniň ýanynda durnukly ösüş hem-de howpsuzlygyň meseleleri boýunça öňde baryjy tejribe alyşmak boýunça Merkez bar, onuň işi Merkezi Aziýada durnukly ösüşe ýardam etmäge gönükdiriler.
Şeýle başlangyçlar ÝeHHG-nyň çäklerinde Türkmenistanyň beýleki döwletler bilen hyzmatdaşlygyny giňeltmäge, şeýle hem sebitde parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmäge ýardam edýär.