migration.gov.tm-nyň fotosuraty
29-njy maýda Aşgabatda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň ýolbaşçylary ukrain ilçisi Walentin Şewalewiň duşuşygy boldy.
“Taraplar Ukrainanyň raýatlary üçin iş wizalaryny we iş rugsatlaryny bermek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar” diýip, migrasiýa gullugynyň habarynda aýdylýar.
Ukrainaly işçiler Türkmenistanda infrastruktura desgalarynyň gurluşygy üçin çekilýär. Olar Daşoguzdaky aeroporty abadanlaşdyrdylar, Amyderýanyň üstünden geçýän iki köprini we býeleki desgalary gurdylar.
Ähtimal, bu duşuşyk ukrain işçileriniň türkmen wizalaryny almakda çekýän kynçylyklary sebäpli guraldy. Bu hili problemalar Garlykdaky dag-magdan baýlaşdyryjy kombinatyny guran belarus işçileri babatynda hem boldy.