Ozal habar berşimiz ýaly, 6-njy dekabrda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi, onuň esasy mowzugy geljek üçin uzakmöhletleýin meýilnamalaryň çäginde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy güýçlendirmekdi.
Türk wekiliýetiniň ýolbaşçysy, Türkiýäniň wise-prezidenti Jewdet Ýilmaz forumda çykyş edip, 2023-nji ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygynyň 2,5 milliard dollara ýetendigini, munuň bolsa eýýäm 2022-nji ýyldakydan ýokarydygyny aýtdy.
Iki tarap hem söwdanyň mukdaryny 5 milliard dollara ýetirmek maksadyna ýetmäge ymtylýar diýip, wise-prezident belledi.
Türkiýäniň Palatalar we biržalar bileleşiginiň başlygynyň orunbasary Selçuk Öztürk hem çykyş edip, giň gerimli demir ýol ulgamy, awtomobil ulaglary we energetika geçelgeleri arkaly Beýik Ýüpek ýolunyň ösdürmeklige ünsi çekdi. Bu ýoluň täze hili özara bähbitli alyş-çalyş üçin köpri bolup hyzmat eder we sebitde söwdany artdyrmaga ýardam eder diýip, S.Öztürk aýtdy.
Şeýle hem Çalyk Holding kompaniýalar toparynyň Dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk çykyş edip, iki ýurduň işewür wekilleriniň özara bähbitli söwda we maýa goýum gatnaşyklaryny gowulandyrmak üçin ähli mümkinçiliklerden peýdalanjakdygyny belledi.