Türkmenistaniň Maliýe we Ykdysadyýet ministri, Tatarstanyň premýer-ministriň orunbasary we senagat we söwda ministri Alleg Korubçenko bilen Kazan şäherinde duşuşyp, gatnaşyklaryň ösmegi barada gürrüň etdi.
Fars habar gullugynyň habaryna görä; Türkmenistaniň Maliýe we Ykdysadyýet ministri Muhammet Geldi Serdarow we Russiýa Federasiýasynyň Tatarstan Respublikasynyň premýer-ministriň orunbasary we senagat we söwda ministri Alleg Korubçenko transport, gämi gurluşygy, nebithimiýa, dokma, oba hojalygy, lukmançylyk, ylmy we bilim pudaklary barada özara hyzmatdaşlyk meselesini ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle hem iki tarap Türkmen Söwda palatasynyň Kazandaky işini güýçlendirmek isleýändigini aýtdylar.
Türkmenistanyň Maliýe we Ykdysadyýet ministri 6-njy iýuldan 8-nji iýul aralygynda Tatarstan Respublikasynyň paýtagty Kazanda geçiriljek 2022-nji ýyldaky Agro-Wolga oba hojalygy we senagat sergisine gatnaşmak üçin çakylyk haty alandyr.
Hasabatda aýdylmagyna görä, duşuşykda Türkmenistan bilen Tatarstanyň bilelikdäki iş toparynyň sekizinji ýygnagyny geçirmek we iki ýurduň medeni günleri ara alnyp maslahatlaşyldy.