Düýn 11-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Täjigistana saparynyň dowamynda Hökümet kabulhanasynyň Mejlisler zalynda bu ýurduň Premýer-ministri Kohir Rasulzoda bilen duşuşdy.Duşuşykda Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistanyň Prezidenti bilen bolan duşuşygynda ara alnyp maslahatlaşylan döwletara gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryna degip geçmek bilen, ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berildi. Şonuň bilen bir hatarda iki döwletiň arasynda göni we üstaşyr howa gatnawlaryny guramagyň möhümdigi bellenildi.
Duşuşykda Türkmenistanyň ulag ulgamynda sebitara we halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini esasy ugur edinýändigini bellän Serdar Berdimuhamedow iki döwletiň çäginden geçýän hem-de Merkezi we Günorta Aziýa, Ýakyn we Orta Gündogar sebitlerini baglanyşdyrýan täze üstaşyr ulag geçelgeleriniň döredilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Täjigistan — Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Türkiýe ugurlary boýunça ulag gatnawlaryny döretmegiň geljekki ugurlary, Hytaýyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Türkmenistanyň arasynda Pars aýlagynyň we Hazar deňziniň portlaryna çykalgasy bolan multimodal ýük daşamalaryny guramagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.