Türkmenistan bilen Seýşel Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýuldy

Türkmenistan bilen Seýşel Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýuldy

2024-nji ýylyň 13-nji awgustynda Birleşen Arap Emirliklerindäki Türkmenistanyň Ilçihanasynyň binasynda “Türkmenistan bilen Seýşel Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hakynda Teswirnama” gol çekişlik dabarasy geçirildi.

Dabaranyň çäklerinde Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Serdarmämmet Garajaýew bilen BAE-däki Seýşel Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Žerwe Mumunyň arasynda gepleşikler geçirildi.

Taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik gatnaşyklary giňeltmegiň hem-de söwda-ykdysady ulgamynda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem Ilçiler medeniýet, ylym we bilim ugurlarynda Türkmenistan bilen Seýşel Respublikasynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň meselelerine garadylar.

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan bilen Seýşel Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýuldy
Türkmenistan we Seýşel Respublikasy diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy
Ukraina Türkmenistan bilen bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýar
Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy Ukrainanyň diplomatik žurnalynda çap edildi
Şweýsariýa 33 Ýyl Soň Yrakdaky Ilçihanasyny Açdy
Türkmenistan we Katar söwda gatnaşyklaryny ösdürmek mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar