Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasy strategik...

Şu gün irden hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna resmi sapar bilen ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinden döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.

Bu sapar strategik hyzmatdaşlyk häsiýetine eýe bolan hem-de dostluk, deňhukuklylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan netijeli döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegiň ýolunda nobatdaky ädim boldy.

Hormatly Prezidentimiziň uçary Moskwa çenli uçuşy amala aşyryp, “Wnukowo-2” Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde belent mertebeli myhmanyň gelmegi mynasybetli Türkmenistanyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Döwlet baýdaklary galdyryldy, Hormat garawuly nyzama düzüldi. Howa menzilinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy resmi adamlar garşyladylar.

Bu ýerde belent mertebeli myhmany resmi garşylamak dabarasy boldy. Hormat garawulynyň serkerdesi dabaraly ýagdaýda hasabat berýär. Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Döwlet senalary ýerine ýetirilýär. Dabara Moskwa şäherine bir gün öň gelen ýurdumyzyň Hökümet wekiliýeti hem gatnaşdy. Resmi garşylanyş çäresi Hormat garawulynyň esgerleriniň dabaraly ýörişi bilen tamamlanýar.

Günüň birinji ýarymynda döwlet Baştutanymyz Uly Kreml köşgüne bardy. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin mähirli garşylady. Türkmenistanyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Baştutanlary birek-birek bilen dostlukly salamlaşyp, iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler.

Soňra ýokary derejede ikiçäk görnüşdäki türkmen-rus gepleşikleri geçirildi.

Prezident Wladimir Putin belent mertebeli myhmany mübärekläp, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň resmi ýagdaýda öz ilkinji daşary ýurt saparyny Russiýa amala aşyrýandygyny, munuň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň aýratyn häsiýetini nobatdaky gezek ýüze çykarýandygyny, şol gatnaşyklaryň bu ýokary döwlet wezipesinde işläp, ozal uly hyzmatlary bitiren Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowyň tagallalary netijesinde hakyky strategik derejä çykarylandygyny belledi.

Rus Lideri şu gün hem döwletara gatnaşyklaryň ösdürilmegine degişli örän möhüm resminamalara gol çekiljekdigini nygtap, ähli daşarky çylşyrymlylyklara garamazdan, şu ýylyň birinji çärýeginde ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň 45 göterim artandygyny kanagatlanma bilen belledi. Bu bolsa öňe tarap örän çynlakaý ädimdir.

Prezident Wladimir Putiniň aýdyşy ýaly, biz ýakynda şanly seneleri, şol sanda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyny belledik. Şunuň bilen baglylykda, Russiýanyň Baştutany ähli ugurlar boýunça iki ýurduň arasynda ösdürilýän gatnaşyklaryň, hakykatdan-da, strategik häsiýete eýedigini nygtady.

Prezident Wladimir Putin Türkmenistanyň Prezidentini Russiýada görmäge örän şatdygyny belläp, özüniň gowy we hoşniýetli dosty — Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa iň oňat arzuwlaryny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa gelip görmäge çakylygy üçin dostlukly ýurduň Liderine minnetdarlygyny bildirip, şu saparyň döwlet Baştutany hökmünde Russiýa Federasiýasyna ilkinji saparydygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz pursatdan peýdalanyp, Prezident Wladimir Putini hem-de onuň üsti bilen dostlukly ýurduň ähli halkyny ýetip gelýän Russiýanyň güni bilen gutlap, parahatçylyk, rowaçlyk, abadançylyk arzuw etdi.

Şu ýyl Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bellenilýär. Şu döwürde döwletara gatnaşyklar ugurlaryň giň gerimi boýunça üstünlikli ösdürildi. Şeýle-de şu ýyl Aşgabatda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda Dostluk we hyzmatdaşlyk hakynda Şertnama gol çekilmeginiň 20 ýyllygy bellenilýär.

Bu resminama özara hormat goýmaga hem-de ynanyşmaga esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda möhüm tapgyr bolup, olaryň ösdürilmegine ýardam berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Wladimir Putini bu şanly seneler bilen gutlady hem-de türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine we pugtalandyrylmagyna goşan şahsy goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi. Türkmenistanyň Baştutany mähirli kabul edilendigi hem-de myhmansöýerlik üçin rus Liderine minnetdarlyk bildirip, oňa Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny ýetirdi.

Prezident Wladimir Putin hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasyna şu saparynyň çäklerinde uly işleriň geçirilýändigini belledi. Mälim bolşy ýaly, Hökümet agzalarynyň derejesinde ikitaraplaýyn duşuşyklar guraldy. Rus Lideri şular barada aýdyp, şu gün gol çekilýän Jarnamadan başga-da, bilelikdäki işleriň tutuş toplumynyň döwletara gatnaşyklary ösdürmegiň bähbidine hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.

Gepleşikleriň dowamynda döwlet Baştutanymyz syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda strategik hyzmatdaşlyga esaslanýan döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini nygtady. Häzirki günde iki ýurduň arasynda halkara resminamalaryň 288-sine gol çekildi. Bu babatda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda Dostluk we hyzmatdaşlyk hakynda Şertnama we Strategik hyzmatdaşlyk hakynda Şertnama binýatlyk resminamalardyr.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow söwda-ykdysady gatnaşyklar barada aýdyp, Russiýanyň Türkmenistanyň iň iri söwda hyzmatdaşlarynyň biridigini belledi.Ykdysady hyzmatdaşlyk diňe bir energetika ulgamyna däl, eýsem, senagat, ulag, düzümleýin gurluşyk we beýleki ulgamlara hem degişlidir.

Türkmenistan Russiýa Federasiýasyndan awtoulaglaryň, deňiz we awiatehnikalaryň köp mukdaryny satyn almak bilen bir hatarda, Russiýanyň kompaniýalaryna ýurdumyzyň çägindäki iri ykdysady taslamalaryň amala aşyrylmagyna işjeň gatnaşmaga mümkinçilik berýär.

Medeni-ynsanperwer ulgamdaky bilelikdäki işler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biridir. Ilkinji nobatda, bu bilim, medeniýet we saglygy goraýyş ulgamlaryna degişlidir.

Döwletara hyzmatdaşlykda Russiýa Federasiýasynyň sebitleri bilen gatnaşyklar möhüm orny eýeleýär.Tatarystan Respublikasy, Sankt-Peterburg, Astrahan oblasty we Russiýa Federasiýasynyň beýleki sebitleri bilen ýola goýlan üstünlikli hyzmatdaşlygy muňa mysal hökmünde görkezmek bolar. Şeýle-de parlamentara gatnaşyklar hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlarynyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Federasiýa Geňeşiniň agzalarynyň we Döwlet Dumasynyň deputatlarynyň arasynda bu ugurda netijeli gatnaşyklar ýola goýuldy.

Bu babatda şu ýylyň 12-13-nji maýynda Aşgabatda Merkezi Aziýa döwletleriniň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň hem-de zenanlaryň dialogynyň üstünlikli geçirilendigi bellenildi. Parlamentara forum iki döwletiň kanun çykaryjy edaralarynyň arasynda has ýakyn hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy üçin uly mümkinçilik döretdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasy bilen özara hyzmatdaşlyga uly üns berýändigini nygtap, Prezident Wladimir Putini özi üçin islendik amatly wagtda resmi sapar bilen ýurdumyza gelmäge çagyrdy. Bu çakylyk Russiýanyň Lideri tarapyndan hoşallyk bilen kabul edildi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar türkmen-rus strategik hyzmatdaşlygynyň çuňlaşdyrylmagyna ygrarlydyklaryny tassykladylar.

Soňra Uly Kreml köşgüniň Malahit zalynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Russiýa Federasiýasynyň döwlet sylagy — “Dostluk” ordeni bilen sylaglamak dabarasy boldy. Prezident Wladimir Putiniň Permanyna laýyklykda, bu ýokary sylaga döwlet Baştutanymyz iki ýurduň arasynda strategik hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna goşan uly goşandy üçin mynasyp boldy.

Rus Lideri bu çözgüdi beýan etmek bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň dostlukly, hakykatdan-da, ýakyn döwletara gatnaşyklary ösdürmekde bitiren hyzmatyny nygtady. Prezident Wladimir Putin Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň bu wezipä saýlanmazyndan ozal hem dürli döwlet wezipelerinde işlän wagtynda, birnäçe bilelikdäki başlangyçlary hem-de möhüm ylalaşyklary işläp taýýarlamaga we durmuşa geçirmäge gatnaşandygyny belledi.

Russiýanyň döwlet Baştutanynyň aýdyşy ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedow bilelikdäki hökümetara toparyň türkmen tarapynyň başlygy bolan wagtynda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary ilerletmek meselelerini çözmäge işjeň gatnaşdy. Rus Lideri Türkmenistanyň döwlet Baştutanyny bu sylag bilen gutlap, ýurduň durnukly ösüşiniň, onuň raýatlarynyň rowaçlygyny üpjün etmegiň bähbidine iň ýokary döwlet wezipesindäki işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi.

Ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Prezidentine “Dostluk” ordenini gowşurdy.

Döwlet Baştutanymyz rus Liderine hem-de wekiliýetiň agzalaryna ýüzlenip, bu ýokary sylaga mynasyp bolmagyň özi üçin uly hormatdygyny we ony ýurdumyza goýulýan sarpanyň nyşany hökmünde kabul edýändigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasy dostlugyň, hoşniýetli goňşuçylygyň, taryhy gatnaşyklaryň berk binýadyna daýanyp, döwletara gatnaşyklary yzygiderli pugtalandyrýarlar, ykdysadyýet, energetika, ulag, senagat, oba hojalyk ulgamlarynda we beýleki köp sanly ugurlarda hyzmatdaşlygyň bilelikdäki meýilnamalarynydyr maksatnamalaryny amala aşyrýarlar. Ýurtlarymyz öz gatnaşyklarynda aýdyň maksatlary görýärler we bu maksatlara ýetmek üçin hemişe taýýardyrlar. Munuň üçin bizde ähli mümkinçilikler bar.

“Goý, bu ýokary sylag türkmen-rus strategik hyzmatdaşlygynyň, ýurtlarymyzyň we döwletlerimiziň dostlugynyň, hoşniýetli goňşuçylygynyň hem-de hyzmatdaşlygynyň mizemezliginiň ýene-de bir nyşany bolsun!” diýip, döwlet Baştutanymyz minnetdarlyk sözüniň ahyrynda nygtady.

Soňra Malahit zalynda ikitaraplaýyn resminama gol çekmek dabarasy boldy.

Ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda Prezident Serdar Berdimuhamedow hem-de Prezident Wladimir Putin Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda Strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakynda Jarnama gol çekdiler.

Şeýle hem saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalarynyň Moskwada russiýaly kärdeşleri bilen duşuşyklary we gepleşikleri geçirendiklerini bellemek gerek. Olaryň dowamynda dürli ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri hem-de geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Gepleşikleriň we duşuşyklaryň jemleri boýunça resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi.

Şolaryň hatarynda ykdysady ulgamdaky, hususan-da, maliýe-bank ulgamyndaky hyzmatdaşlyga degişli resminamalar bar.

Türkmenistanyň Hökümeti bilen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň arasynda daşary ykdysady işe gatnaşyjylar tarapyndan şübheli maliýe amallaryny amala aşyrmagyň öňüni almak, ýüze çykarmak we ýok etmek hakynda Ylalaşyk we Türkmenistanyň Merkezi banky bilen Russiýa Federasiýasynyň Merkezi bankynyň arasynda bank gözegçiligi babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Resminamalaryň birnäçesi kommunikasiýa we ulag-logistika ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam bermäge gönükdirilendir. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenaragatnaşyk” agentligi bilen Russiýa Federasiýasynyň Sanly ösüş, aragatnaşyk we köpçülikleýin kommunikasiýalar ministrliginiň arasynda aragatnaşyk we maglumat tehnologiýalary babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi bilen Russiýa Federasiýasynyň Ulag ministrliginiň arasynda ulag we üstaşyr çygrynda hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmendemirýollary” agentligi bilen “Russiýa demir ýollary” açyk paýdarlar jemgyýetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; “Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen “RDÝ Logistika” paýdarlar jemgyýetiniň arasynda halkara we üstaşyr ýük gatnawlaryndaky hyzmatdaşlyk barada Ähtnama bar.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen “Astrahan döwlet uniwersiteti” ýokary bilimiň federal döwlet býujet bilim edarasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk; Türkmen oba hojalyk institutynyň Oba hojalyk ylmy-önümçilik merkezi bilen “Şalyçylyk federal ylmy merkezi” federal Döwlet býujet ylmy edarasynyň arasynda ylmy hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Daşky gurşawy goramak gullugynyň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli instituty bilen A.N.Kostýakow adyndaky Bütinrussiýa gidrotehnika we meliorasiýa ylmy-barlag institutynyň arasynda ylmy-barlag hyzmatdaşlygy hakynda Ylalaşyk bolsa bilim we ylym ulgamlarynda netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilendir.

Türkmenistanyň Hökümeti bilen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň arasynda ösümlikleriň karantini babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk oba hojalyk pudagynda özara bähbitli gatnaşyklary pugtalandyrmagy göz öňünde tutýar.Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi bilen Russiýa Federasiýasynyň Gurluşyk we ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygy ministrliginiň arasynda gurluşyk pudagynda özara hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Gol çekilen resminamalaryň hatarynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň arasynda sport babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygy durmuşa geçirmek boýunça 2022 — 2024-nji ýyllar üçin Hereketleriň meýilnamasy bar.

Iki ýurduň goňşy sebitleriniň arasyndaky özara gatnaşyklara hem täze itergi berildi.Türkmenistanyň Türkmenbaşy şäheriniň häkimligi bilen Russiýa Federasiýasynyň “Astrahan şäheri” munisipal guramasynyň administrasiýasynyň arasynda Türkmenbaşy we Astrahan şäherleriniň arasynda doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak barada Ylalaşyga hem-de Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň häkimligi bilen Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň Hökümetiniň arasynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, medeni-durmuş we ynsanperwer ugurlarda halkara we daşary ykdysady gatnaşyklary amala aşyrmak hakynda Ylalaşyga gol çekildi.

Russiýaly hyzmatdaşlary bilen türkmen işewürliginiň wekilleri hem duşuşyk geçirdiler. Onuň netijeleri boýunça “Halk market” (Türkmenistan) supermarketleriň söwda ulgamy bilen “Rusagro” (Russiýa) agroholdinginiň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Şertnama gol çekildi. Ol işewür toparlaryň ugry boýunça ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary, şol sanda azyk harytlary ulgamynda gatnaşyklary ýygjamlaşdyrmaga gönükdirilendir.

Şeýlelikde, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakynda gol çekilen Jarnama bilen birlikde, 15 resminamadan ybarat resminamalar toplumy döwletara hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadynyň üstüni ýetirdi. Şol resminamalar giň gerimli ugurlary öz içine alýar we Türkmenistanyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň uzak möhletleýin, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgesine ygrarlydyklaryny tassyklaýar.

Gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň, iki döwletiň Baştutanlary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

Prezident Wladimir Putin ýokary derejedäki duşuşygyň netijelerini teswirläp, gepleşikleriň örän mazmunly, işjeň, dostlukly ýagdaýda geçip, döwletara gatnaşyklaryň hakyky hyzmatdaşlyk we özara bähbitlilik häsiýetini ýüze çykarandygyny belledi.

Şu ýyl ikitaraplaýyn gatnaşyklar üçin şanly ýyldyr diýip, rus Lideri aýtdy.Aprel aýynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 30 ýyl, şeýle-de Russiýa Federasiýasy bilen Türkmenistanyň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk hakynda esas goýujy Şertnamanyň gol çekilmegine 20 ýyl doldy. Şol resminama biziň ýurtlarymyzyň köptaraplaýyn gatnaşyklarynyň tutuş toplumy üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär. Ýaňy gol çekilen Strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakynda Jarnamada syýasy, söwda-maýa goýum, medeni-ynsanperwer ugurlarda, biologik we maglumat ugurlary bilen birlikde, howpsuzlyk ulgamynda hem geljek üçin bilelikdäki işiň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.

Prezident Wladimir Putin Russiýanyň Türkmenistanyň esasy hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Geçen ýyl ikitaraplaýyn haryt dolanyşygy 865 million dollara barabar boldy, eýýäm şu ýylyň birinji çärýeginiň netijeleri boýunça bolsa özara söwda ýene-de 45 göterim ýokarlandy.

Haryt we maýa goýum alyşmalaryny, maýa goýum mümkinçiliklerini diwersifikasiýalaşdyrmagyň üstünde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara topar netijeli işleýär. Ýakynda geljegi uly bilelikdäki taslamalary ara alyp maslahatlaşmak hem-de iki ýurduň özara hasaplaşyklarynda milli pullary ulanmak tejribesini giňeltmek üçin bu toparyň rus tarapyndan başlygy Aşgabatda boldy.

Döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm pudaklarynyň biri energetikadyr diýip, Russiýanyň Baştutany aýtdy we bu meselä şu gün aýratyn üns berlendigini belledi. Iki tarap hem ugurdaş edaralaryň işi boýunça özara gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna, işewür toparlaryň özara bähbitli taslamalary durmuşa geçirmegi dowam etmäge gönükdirilen başlangyçlaryny goldamaga gyzyklanmalaryny beýan etdi.

Şunuň bilen baglylykda, Prezident Wladimir Putin “Gazpromyň” Russiýa tarapyndan Türkmenistandan gazyň satyn alynmagynyň mümkinçiligini göz öňünde tutýan uzak möhletleýin Şertnamanyň çäklerinde Türkmenistandan gazy eksport etmegi guramak boýunça “Türkmengaz” döwlet konserni bilen hyzmatdaşlyk edýändigini ýatlady. “Lukoýl” Hazar deňzindäki “Dostluk” nebitgazkondensatly känini özleşdirmegiň taslamasyna operator hökmünde gatnaşmagyň şertleri barada gepleşikleri alyp barýar.

Nebit guýularyny abatlamak we olara hyzmat etmek bilen meşgullanýan “Tatneft” Türkmenistanda ozaldan bäri üstünlikli işleýär.Häzirki zaman rus tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy nebit senagatynyň öndürijiligini ep-esli artdyrmaga, täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berdi.

Russiýanyň beýleki iri energetika we senagat ugurly kompaniýalary hem Türkmenistanda taslamalary durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirýärler.

Russiýanyň döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, gepleşiklerde senagat taýdan ýakynlaşmagy has-da ösdürmek ýaly möhüm meselä hem deglip geçildi.Birnäçe iri bilelikdäki taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylýandygy nygtaldy. Şolaryň hatarynda “Obýedinýonnaýa sudostroitelnaýa korporasiýa” kompaniýasy tarapyndan Türkmenistan üçin köpugurly gury ýük daşaýjy gäminiň gurlandygyny ýatlap bolar.

Türkmen tarapyna eýýäm ýokary tizlikli ýolagçy teplohodlarynyň ikisi berildi, ýük daşaýjy we ýolagçy gatnadýan paromlaryň birnäçesini gurmak göz öňünde tutulýar.

Russiýanyň “Transmaşholding” kärhanasy “Türkmendemirýollary” agentligi üçin iki teplowoz taýýarlady, mart aýynda şeýle tehnikalaryň ýene-de bäşisi üçin şertnama baglaşyldy. Türkmenistanyň bazaryna “KamAZ” kysymly önümleriň iberilmegi giňeldilýär: geçen ýyl ýük ulaglarynyň iki müňe golaýy iberildi, Türkmenbaşy şäherinde kompaniýanyň täze okuw merkezi açyldy.

Prezident Wladimir Putin iki tarapdan hem gurluşyk ulgamynda iri möçberli täze başlangyçlary amala aşyrmaga taýýarlygyň beýan edilendigini nygtady. Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistanda “Wozroždeniýe” rus kompaniýasy üstünlikli işleýär. Bu kompaniýa soňky 10 ýylda umumy bahasy 1,5 milliard dollardan gowrak bolan ýol-ulag düzüminiň desgalaryny gurdy, häzir bolsa Aşgabadyň töwereginde sil suwlaryndan goraýjy desgalaryň ulgamyny bina edýär. Işler tamamlanyp barýar.

Russiýa bilen Türkmenistanyň koronawirus ýokanjynyň ýaýramagynyň garşysyna göreşmekde ýakyndan hyzmatdaşlyk edýändigi kanagatlanma döredýär diýip, rus Lideri sözüni dowam etdi. Geçen ýyl türkmen tarapyna “Sputnik V” sanjymynyň 330 müň toplumy, şu ýylyň ýanwar aýynda “Sputnik Laýt” sanjymynyň 800 müň sanysy iberildi, şolaryň 300 müňüsi muzdsuz esasdadyr.

Prezident Wladimir Putin Türkmenistanyň Prezidenti bilen iki ýurduň halklarynyň arasyndaky ikitaraplaýyn ynsanperwer gatnaşyklaryň ählitaraplaýyn ösdürilmegine mundan beýläk-de ýardam bermegi, ylym, bilim, medeni we sport alyşmalary höweslendirmegi ylalaşandyklaryny belledi.

Russiýa rus diline hem-de rus medeniýetine aýawly garalýandygy üçin Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna minnetdardyr.Aşgabatda eýýäm 20 ýyl bäri A.S.Puşkin adyndaky bilelikdäki rus-türkmen orta mekdebi üstünlikli işleýär, ol ýurtda rus dilinde bilim berilýän esasy okuw mekdepleriniň biri bolup, mekdepde Russiýanyň döwlet bilim ölçegleri we okuw kitaplary boýunça okuw geçilýär. Şunuň bilen baglylykda, dostlukly döwletiň Baştutany hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa bu mekdebiň giňeldilmegine gyzyklanma bildirendigi üçin hoşallygyny aýdyp, rus tarapynyň muňa hemmetaraplaýyn goldaw berjekdigini belledi.

Şeýle hem Russiýanyň dürli hünärler boýunça ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagynda Türkmenistana işjeň ýardam berýändigi bellenildi.Türkmen ýaşlarynyň arasynda rus biliminiň meşhurlygy durnukly ýokary ýagdaýda bolmagynda galýar.Häzir Russiýada türkmenistanly talyplaryň 30 müňden gowragy bilim alýar, şolaryň 4,3 müňden gowragy býujet esasyndadyr. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Wladimir Putin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň bilelikdäki rus-türkmen uniwersitetini döretmek baradaky pikirini goldaýandygyny aýtdy.

Russiýanyň Baştutanynyň belleýşi ýaly, gepleşikleriň dowamynda has möhüm sebit we halkara meselelere-de deglip geçildi. Şolaryň köpüsi boýunça iki döwletiň eýeleýän ýörelgesi, däp bolşy ýaly, ýakyn ýa-da gabat gelýär.

Prezident Wladimir Putin Russiýanyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine, ýurduň ýolbaşçylarynyň Merkezi Aziýa sebitinde, umuman, dünýäde durnuklylyga we ösüşe ýardam bermäge ymtylýandygyna hormat bilen garaýandygyny nygtady. Şundan ugur alnyp, köptaraplaýyn derejedäki hyzmatdaşlyk mundan beýläk-de dowam etdiriler. Rus tarapy Birleşen Milletler Guramasynda köp başlangyçlaryny yzygiderli goldaýandygy üçin türkmen hyzmatdaşlaryna minnetdardyr.

Russiýa türkmen kärdeşleriniň Ýewraziýa ykdysady bileleşiginiň hem-de Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ugry boýunça ýakynlaşmak işlerine barha artýan gyzyklanmasyny goldaýar. Bu guramalara gatnaşyjylar bilen Türkmenistany ysnyşykly söwda-ykdysady gatnaşyklar baglanyşdyrýar. Moskwa we Aşgabat Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde ýygjam gatnaşyk edýärler. “Merkezi Aziýa — Russiýa” görnüşindäki hyzmatdaşlygyň hem geljegi uly görünýär.

Russiýanyň Lideri gepleşikleriň dowamynda Hazar deňziniň sebitinde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meselesiniň giňişleýin ara alnyp maslahatlaşylandygyny belledi. Russiýa we Türkmenistan howpsuzlygy üpjün etmek, ykdysady hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak, tebigy serişdeleri goramak we ekologik abadançylygy saklamak babatda Hazarýaka döwletler bilen bilelikdäki işlere uly ähmiýet berýär. Aşgabatda nobatdaky VI Hazar sammitiniň, Moskwada bolsa ikinji Hazar ykdysady forumynyň geçirilmegine işjeň taýýarlyk görülýär.

Şeýle hem rus Lideri belent mertebeli myhmandan Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowa mähirli salamyny hem-de berk jan saglyk we üstünlik baradaky arzuwlaryny ýetirmegini haýyş etdi.Biziň bilelikde işlän ençeme ýyllarymyzyň dowamynda hormatly Gurbanguly Berdimuhamedow bilen dostluk, ýoldaşlyk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarymyz emele geldi.

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesinde-de, häzir ýurduň parlamentiniň degişli palatasyna ýolbaşçylyk edýärkä-de, Gurbanguly Mälikgulyýewiç hemişe özara bähbitli rus-türkmen hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine ýardam etdi we ýardam edýär diýip, Russiýa Federasiýasynyň Baştutany nygtady.

Prezident Wladimir Putin sözüniň ahyrynda şu günki gepleşikleriň netijeleriniň biziň dost-doganlyk halklarymyzyň bähbidine alnyp barylýan Russiýanyň hem-de Türkmenistanyň gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenip, gepleşikleriň netijelerini beýan etmek bilen, şu saparyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýynyň we mümkinçilikleriniň ara alnyp maslahatlaşylandygyny belledi.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklar barada aýdylanda, olar depginli we yzygiderli ösdürilýär. Bilelikdäki tagallalaryň netijesinde Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk täze derejelere çykaryldy. Deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, açyklyk we ynanyşmak, iki halkyň hem-de döwletiň arasyndaky dostlugyň, hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagynyň wajypdygyna özara düşünmek bu gatnaşyklaryň tapawutly aýratynlyklarydyr.

Döwlet Baştutanymyz biziň döwletlerimiziň özara söwdanyň, maýa goýumlaryň möçberini artdyrmak, senagat, ulag, energetika, oba hojalygy ýaly pudaklarda we birnäçe beýleki ugurlarda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin ýeterlik kuwwata eýedigini nygtady.

Soňky wagtlarda medeni-ynsanperwer, ylym we bilim ulgamlarynda gatnaşyklar ep-esli işjeňleşdirildi. Türkmenistan hem-de Russiýa Federasiýasy bu işlere hemmetaraplaýyn goldaw berýär, iki ýurduň taryhyna, medeniýetine, sungatyna barha artýan özara gyzyklanmalary kanagatlandyrmak üçin zerur şertleri döredýär, bu ulgamlardaky gatnaşyklary höweslendirýär.

Koronawirus pandemiýasyna garşy göreşde biziň döwletlerimiz raýdaşlygyň ajaýyp nusgasyny görkezdiler. Türkmenistan sanjymlaryň, derman, lukmançylyk serişdeleriniň iberilmegi baradaky haýyşa dessin seslenendigi, şu çylşyrymly döwürde Russiýanyň çäklerinde bolan türkmenistanlylary goldandygy üçin Russiýa Federasiýasynyň ýolbaşçylaryna minnetdardyr.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekilendigini belläp, häzirki duşuşygyň strategik hyzmatdaşlyga uly itergi berip, syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin täze mümkinçilikleri döretjekdigine ynam bildirdi.

Biziň ýurtlarymyz ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, köptaraplaýyn görnüşde hem Hazar deňzi boýunça ýakyndan hyzmatdaşlygy dowam eder. Türkmenistan Russiýanyň Hazarýaka döwletleriň sammitleriniň işine işjeň gatnaşýandygyna, esasy ylalaşyklaryň gazanylmagyna goşýan goşandyna ýokary baha berýär.

Türkmen döwletiniň Baştutany taraplaryň syýasy-diplomatik gatnaşyklary dowam etdirmek barada ylalaşandyklaryny belledi. Sebit hem-de dünýä möçberinde howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmekde özara goldaw bermek şol gatnaşyklaryň esasy maksadydyr.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu saparyň Türkmenistanyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň mizemezdigini tassyklandygyna ynam bildirip, Prezident Wladimir Putini özi üçin islendik amatly wagtda ýurdumyza resmi sapar bilen gelmäge çagyrandygyny habar berdi.

Türkmenistanyň Baştutany pursatdan peýdalanyp, ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga yzygiderli üns berýändigi we uly şahsy goşandy üçin Russiýanyň Liderine ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi.

Metbugat maslahaty tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Kreml diwarynyň ýanyndaky Aleksandrow bagynda ýerleşýän ýadygärlik toplumyna bardy. Döwlet Baştutanymyz 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda faşizme garşy söweşde janyny gurban eden gahrymanlara sylag-hormatyň nyşany hökmünde Näbelli esgeriň guburynyň ýanyndaky Baky oduň öňünde gül sebedini goýdy.

Beýik Ýeňiş üçin baş goýan edermen esgerleriň hatyrasyna bir minutlyk dymyşlyk yglan edilýär. Şol esgerleriň hatarynda biziň hem müňlerçe ildeşlerimiz bar. Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Ýadygärligiň öňünden Hormat garawulynyň esgerleri dabaraly ýöriş bilen geçip gidýärler. Dabara Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň hem-de Russiýa Federasiýasynyň resmi wekilleri gatnaşdylar.

Günüň ikinji ýarymynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow resmi saparynyň maksatnamasynyň çäklerinde Döwlet Tretýakow galereýasynyň häzirki döwrüň şekillendiriş sungatynyň eserlerinden düzülen bölümine bardy. Russiýanyň milli sungatyna wekilçilik edýän bu iri muzeý toplumynyň binasynda görnüşleriniň we ugurlarynyň köpdürlüligi bilen tapawutlanýan eserleriň uly toplumy bardyr.

Muzeýiň merkezi girelgesinde döwlet Baştutanymyzy Döwlet Tretýakow galereýasynyň ýolbaşçylary garşylaýar.

Ilki bilen, belent mertebeli myhmana muzeý barada umumy maglumatlar gürrüň berildi.Bu ýerde XX asyryň rus sungatynyň has doly we hemişelik ekspozisiýasy ýygnalypdyr.Muzeýde awangard akymyndan başlap, iň täze akymlara çenli meşhur eserlerden, Tretýakow galereýasyna soňky ýyllarda gelip gowşan işlere çenli dürli eserleri görmek bolýar. Şeýle hem bu ýerde tanymal rus suratkeşleriniň eserleri görkezilýär, ýaş suratkeşleriň synag sergileri guralýar.

Muzeýde hereket edýän lektoriý hem-de döredijilik ussahanasy çagalar, talyplar hem-de uly ýaşlylar üçin geçen asyra we şu asyryň başyna degişli sungat boýunça nazary hem-de amaly bilimleriň giň gerimini hödürleýär.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow geçen asyryň dürli döwürlerinde döredilen we ekspozisiýanyň esasyny düzýän sungat eserleri bilen tanyşdy. Galereýanyň zallarynda K.Malewiç, W.Kandinskiý, M.Şagal, N.Gonçarowa, P.Filonow, P.Konçalowskiý, W.Muhina, A.Tyşler, T.Mawrina, A.Plastow, M.Kantor, T.Ýablonskaýa ýaly meşhur rus suratkeşleriniň eserleri görkezilýär.

Ýurdumyzda baý taryhy-medeni mirasyň goralyp saklanylmagyna, öwrenilmegine hem-de wagyz edilmegine, şol sanda bu ulgamdaky döwlet syýasatynyň möhüm ugry hökmünde muzeý işiniň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýändigini bellemek gerek. Şunuň bilen baglylykda, gadymy hem-de häzirki döwrüň sungat eserleriniň uly toplumyny özünde jemleýän ýurdumyzyň muzeýleriniň öňünde ilatyň, ylaýta-da, ýaşlaryň arasynda sungat babatda bilimi artdyrmak boýunça wezipe goýuldy.

Ynsanperwer ulgamdaky netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi Bitarap Watanymyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu babatda muzeýleriň ugry boýunça göni gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy özara medeni gatnaşyklary guramaga hem-de olary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga uly mümkinçilikleri döredýär.

Hormatly Prezidentimiz Döwlet Tretýakow galereýasynyň ýolbaşçylaryna gezelenç üçin minnetdarlyk bildirip, bu ýerden ugrady.

Döwlet Baştutanymyz Russiýa Federasiýasyna resmi saparyny tamamlap, Moskwanyň “Wnukowo-2” Halkara howa menziline ugrady. Bu ýerde belent mertebeli myhmany resmi ugratmak dabarasy boldy. Hormat garawulynyň serkerdesiniň hasabatyndan soňra, Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Döwlet senalary ýerine ýetirildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow rus tarapynyň resmi wekilleri bilen mähirli hoşlaşyp, Watanymyza ugrady.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasy strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar
Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasy strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar
Türkmenistan Russiýa: özara bähbitli hyzmatdaşlyk giňeldilýär
Numan Kurtulmuş, Wladimir Putin Tarapyndan Kabul Edildi
Aşgabatda Gallery&Café by Durdy Bayramov atly ilkinji kafe-galereýasy açyldy
Lukoýlyň başlygy bilen duşuşyk: Hazaryň türkmen kenaryna gyzyklanma barha artýar