Türkmenistan bilen Penjabyň arasyndaky söwdany ösdürmek meseleleri maslahatlaşyldy

Türkmenistan bilen Penjabyň arasyndaky söwdany ösdürmek meseleleri maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamow 8-nji maýda Lahorda Penjap welaýatynyň premýer-ministri Merýam Nawaz Şerif bilen duşuşdy. Duşuşykda Penjap bilen Türkmenistanyň arasynda maýa goýumlaryny we söwdany ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Marýam Nawaz Penjap welaýatynda energiýa, senagat, maldarçylyk we oba hojalygy üçin ägirt uly maýa goýum mümkinçilikleriniň bardygyny aýtdy. Şeýle hem ol söwdanyň dokma, derman önümleri, oba hojalygy we maldarçylyk ýaly pudaklarda giňeldilip bilinjekdigini belledi. Bu barada Nation gazetinde habar berilýär.

Atajan Möwlamow söwda gatnaşyklaryny ösdürmäge we Pakistana maýa goýumlaryny çekmäge uly gyzyklanma bildirdi.

Penjap Pakistanyň ykdysady taýdan iň ösen welaýatydyr. Suwaryş kanallary ulgamy Penjaby möhüm oba hojalygyna öwürýär. 2024-nji ýylyň fewralynda sebite ýolbaşçylyk etmek üçin saýlanan Merýam Nawaz Şerif Pakistanyň taryhynda ilkinji aýal premýer-ministr boldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan bilen Pakistan söwda we maýa goýumlary ösdürmegi maslahatlaşdy
Imran Han 5 Ýyl Möhlet Bilen Syýasatdan Çetleşdirildi
Türkiyedäki 90 müň metjitde sala okaldy
Eýranda Dik Uçar Heläkçiliginde Ýogalanlar Üçin Jynaza Çäreleri Geçirilýär
Türkiyede we dünýäde Oraza baýramy giňden bellenilip geçilýär
Lebapda häkimiýetleriň yzarlamalaryndan soň, juma namazyna barýan adamlar azaldy