Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Palestina Döwletiniň Daşary işler we daşary ýurtlarda ýaşaýan palestinalylaryň işleri boýunça ministri Riýad Al-Maliki bilen Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň arasynda saparyň netijeleri boýunça duşuşyk geçirildi. Bu barada ministrligiň resmi saýtynda habar berildi.
Türkmenistan we Palestina Döwletiniň Daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylary taraplaryň her ýyl iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda, şeýle hem halkara maslahatlaryň çäginde özara gyzyklanma bildirilýän meseleler boýunça geňeşmeleriň geçirjekdigini nygtadylar.
Duşuşykda işewürlik gatnaşyklar üçin esas döretmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem Türkmenistan bilen Palestinanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň (PICA) hyzmatdaşlygynyň mümkinçiliklerine garaldy.
Soňra ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi. Olar: