Türkmenistan bilen Pakistan ulag we söwda hyzmatdaşlygyny güýçlendirer

Türkmenistan bilen Pakistan ulag we söwda hyzmatdaşlygyny güýçlendirer

7-nji sentýabrda Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamow Yslamabatda Pakistanyň Federal Söwda we senagat ministri doktor Gohar Ejaz bilen duşuşdy. Bu barada Pakistanyň söwda ministrligi sosial ulgamlarda habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, duşuşygyň barşynda söwda ýollary we demir ýol arabaglanyşyklary, gaz geçirijileri we üstaşyr söwda ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar özara bähbitli infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmegiň mümkinçikleri dogrusynda hem durup geçdiler.

APP habar gullugynyň ýazmagyna görä, Pakistan we Türkmenistan ykdysady we söwda gatnaşyklaryny berkitmek hem-de sebitiň ýurtlarynyň arasynda ykdysady gatnaşyklary güýçlendirmek barada ylalaşdylar.

Pakistanly ministr bu duşuşygyň iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm ädimdigini bellemek bilen, söwda ýollaryny açmagyň we işewür gatnaşyklary giňeltmegiň esasy wezipe bolup durýandygyny nygtady. Türkmen ilçisi hem öz gezeginde pakistanly kompaniýalary akylly Arkadag şäherini gurmak taslamasyna gatnaşmaga çagyrdy. Möwlamow taslama üçin gurluşyk materiallaryny we enjamlaryny Pakistandan eksport etmegiň geljegini barada hem belläp geçdi.

Iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk barada aýdyp, federal ministr Pakistanyň Türkmenistanda geçirilen sergi çärelerine işjeň gatnaşjakdygyna ynandyrdy.

Ýene degişli makalalar

Owganystan TOPH taslamasyny durmuşa geçirmäge taýýarlanýar
Türkmenistanyň diplomaty Pakistanyň federal ykdysadyýet ministri bilen duşuşdy
24-nji iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-pakistan bilelikdäki hökümetara toparynyň başlyklarynyň duşuşygy geçirildi
Pakistanyň ýokary derejeli wekiliýeti Türkmenistana gelýär
TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilişi maslahatlaşyldy