Türkmenistan bilen Pakistan söwda we maýa goýumlary ösdürmegi maslahatlaşdy

Türkmenistan bilen Pakistan söwda we maýa goýumlary ösdürmegi maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamow 2024-nji ýylyň 8-nji maýynda Lahor şäherinde Pakistanyň Penjap welaýatynyň baş ministri Marýam Nawaz bilen duşuşyk geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar söwda we maýa goýumlary ösdürmek maksady bilen Türkmenistan bilen Penjabyň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Pakistandaky Ilçihanasynyň habar bermegine görä, duşuşygyň başynda türkmen ilçisi Penjabyň baş ministrini işe girişmegi bilen gutlady we Penjap welaýatynyň we umuman Pakistanyň ykdysady ösüşi ugrunda alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Habarda bellenilişi ýaly, taraplar energiýa, senagat, maldarçylyk, oba hojalygy, dokma we derman senagaty pudagynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine garadylar.

Türkmen ilçisi we Pakistanyň Penjap welaýatynyň baş ministri Türkmenistan bilen Penjabyň arasyndaky söwda dolanyşygynyň ýokarlandyrmagynyň we hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynyň iki ýurduň durmuş-ykdysady ösüşine güýçli itergi berjekdigini bellediler.

Türkmenistan bilen Pakistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklary 1992-nji ýylyň 9-njy maýynda ýola goýuldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan bilen Penjabyň arasyndaky söwdany ösdürmek meseleleri maslahatlaşyldy
Ismail Heniýýe Üçin Tähranda Jynaza Namazy Okaldy
Türkiyedäki 90 müň metjitde sala okaldy
Eýranda Dik Uçar Heläkçiliginde Ýogalanlar Üçin Jynaza Çäreleri Geçirilýär
Änew medeniýetine degişli bezeg nusgalary rejelenilýär
Türkiyede we dünýäde Oraza baýramy giňden bellenilip geçilýär