Türkmenistan bilen Pakistan energetika we ulag taslamalary durmuşa geçirmegi maslahatlaşdylar

Türkmenistan bilen Pakistan energetika we ulag taslamalary durmuşa geçirmegi maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow çarşenbe güni Pakistanyň Prezidenti Asif Ali Zardari bilen geçiren duşuşygynda energetika we ulag ulgamlarynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin resminamalaryň taýýarlanyşyna aýratyn üns berdiler.

Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň ugurlardaky, şol sanda ozal gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmegiň meselelerine we geljekki meýilnamalara garadylar.Söwda dolanyşgyny artdyrmak we özara bähbitli gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin ykdysady hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygy aýratyn nygtaldy.

Energetika we ulag pudaklary gepleşikleriň üns merkezinde bolan ugurlar boldy. Hususan-da, sebit arabaglanyşygynda möhüm ähmiýeti bolan TOPH (Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan) gaz geçirijisiniň we TOP (Türkmenistan-Owganystan-Pakistan) elektik geçiriji ulgamynyň taslamalary maslahatlaşyldy.

Pakistanyň Prezidenti hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem çuňlaşdyrmagyň möhümdigini belläp, ýurtlaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklary ösdürmekde goşan şahsy goşantlary üçin Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna hoşallyk bildirdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Pakistanyň Premýer-ministri bilen duşuşdy
Türkmenistanyň wekiliýeti ŞHG-niň Hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisine gatnaşdy
Türkmenistan ŞHG bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekligi meýilleşdirýär
Raşid Meredow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
Yslamabatda Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň birnäçe duşuşyklary geçirildi
R.Meredow ŞHG-nyň mejlisine gatnaşdy