Türkmenistan bilen Owganystan söwda gatnaşyklary ýokarlandyrmak meselelerini maslahatlaşdy

Türkmenistan bilen Owganystan söwda gatnaşyklary ýokarlandyrmak meselelerini maslahatlaşdy

Tükmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy Nökerguly Atagulyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen işewür wekiliýeti 2024-nji ýylyň 4-nji maýynda Türkmenistan bilen Owganystanyň arasyndaky söwda gatnaşyklary ýokarlandyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen Owganystanyň Hyrat şäherine sapar amala aşyrdy.

Türkmenistanyň Owganystandaky Ilçihanasynyň habar bermegine görä, saparyň dowamynda türkmen wekiliýeti Hyrat şäheriniň gubernatory Nur Ahmad Islamjar bilen duşuşyk geçirdi.

Şeýle hem türkmen wekiliýeti Hyrat welaýatynyň senagat zolagyndaky mermer daşlary gaýtadan işleýän zawodlara baryp gördi.

“Türkmendemirýollary” agentliginiň habar bermegine görä, Hyrat şäheriniň gubernatory häzirki wagtda Hyratda bir müňe golaý zawodyň bardygyny we welaýatda ähli önümleriň hususy pudak tarapyndan öndürilýändigini belledi.

Şu ýylyň 26-njy aprelinde Kabulda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýewiň we Owganystanyň söwda-senagat ministri Nuriddin Aziziniň ýolbaşçylygynda geçirilen türkmen-owgan gepleşiklerinde Turgundy şäherinde Bilelikdäki logistika merkezini döretmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan bilen Owganystan jemi $200 millionlyk 10 sany şertnama baglaşdy
Türkmenistan bilen Owganystan üstaşyr ýük daşamalary artdyrmakçy
8-nji maýda Türkmenistanyň esasy habarlary
Türkmen we owgan hususy kärhanalarynyň arasynda 10 sany ylalaşyga gol çekildi
Türkmenistanyň gatnaşmagynda Owganystanda täze logistika merkezi dörediler
Russiýanyň Döwlet Dumasynyň başlygy Özbegistana geldi