Türkmenistan bilen Owganystan jemi $200 millionlyk 10 sany şertnama baglaşdy

Türkmenistan bilen Owganystan jemi $200 millionlyk 10 sany şertnama baglaşdy

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy Nökerguly Atagulyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Owganystanyň Hyrat şäherine saparynyň çäklerinde Owganystanyň senagat we söwda ministri Nuriddin Azizi bilen duşuşdy. Duşuşygyň jemleri boýunça 10 sany şertnama we 2 sany söwda ähtnamasyna gol çekildi.

“Tasnim” habarlar agentliginiň sişenbe güni habar bermegine görä, jemi bahasy 200 million ABŞ dollaryndan gowrak bolan ylalaşyklar gurluşyk toplumyna degişli bolup, armaturalaryň, boýaglaryň, mermer daşlarynyň we azyk harytlarynyň iberilmegini öz içine alýar.

Nuriddin Azizi bu duşuşygyň Owganystan bilen Türkmenistanyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek üçin oňyn şertleri döredendigini belledi.

Hyrat şäherine amala aşyrylan saparyň dowamynda türkmen wekiliýeti Hyrat welaýatynyň häkimi Nur Ahmad Islamjar bilen hem duşuşyk geçirdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan bilen Owganystan üstaşyr ýük daşamalary artdyrmakçy
Türkmenistan bilen Owganystan söwda gatnaşyklary ýokarlandyrmak meselelerini maslahatlaşdy
8-nji maýda Türkmenistanyň esasy habarlary
Türkmen we owgan hususy kärhanalarynyň arasynda 10 sany ylalaşyga gol çekildi
Türkmenistanyň gatnaşmagynda Owganystanda täze logistika merkezi dörediler
Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Owganystanyň arasynda ulag-üstaşyr geçelgelerini ösdürmek barada üçtaraplaýyn duşuşyk geçirildi