Özbegistanyň “kun.uz” neşiriniň habar bermegine görä, Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasynda yzygiderli awtobus gatnawlary açylar. Bu barada daşary ýurtlar bilen transport we logistika pudagyndaky gepleşikleriň hereket planynda aýdylýar.
Husuan-da, Türkmenistan bilen milli ýolagçy gatnadyjylaryň sürüjileriniň köp gezeklik wiza almak prosesini ýeňilleşdirmek barada gepleşikler geçiriler.
Durmuşa geçirmegiň möhleti 2019-njy ýylyň 1-nji maýy.
“Türkmenistanyň Hronikasynyň” anyklamagyna görä, häzirki pursatda şu aşakdaky gatnawlar we syýahatçy marşrutlary planlaşdyryldy:
Daşkent- Mary
Samarkant Baýramaly
Buhara Türkmenbaşy
Nukusс Daşoguz
Nukus Köneürgenç
Ürgenç Daşoguz
Шават Дашогуз
Hazarasp Pitnak Gazojak
Ürgenç Gazojak
Häzirki pursatda bularyň ählisiniň durmuşa geçiriljegi aýdyň däl. Türkmen tarapy awtobus gatnawlarynyň açylmak ähtimallygy barada habar bermedi.