Türkmenistan bilen Özbegistan özara hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň geljegini maslahatlaşdy

Türkmenistan bilen Özbegistan özara hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň geljegini maslahatlaşdy

Özbegistanyň Daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Bahtiýor ​​Saidow we Türkmenistanyň Özbegistandaky Adatdan Daşary we doly ygtyýarly ilçisi Ýazguly Mämmedow penşenbe güni Daşkentde geçirilen duşuşykda özbek-türkmen dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny we strategiki hyzmatdaşlygyny has-da çuňlaşdyrmagyň geljegi barada pikir alyşdylar. Bu barada Özbegistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi metbugaty habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar özara söwda dolanyşygynyň görkezijilerini ýokarlandyrmaga, söwda we senagat hyzmatdaşlygy boýunça bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegini tizleşdirmäge degişli bolan anyk teklipleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem iki ýurduň wekilleri medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyklaryny bellediler.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyny bellemek üçin meýilleşdirilen çäreleriň tertibi boýunça pikir alyşdylar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň täze ilçisi Özbegistanyň DIM-niň ýolbaşçysyna ynanç hatynyň nusgasyny gowşurdy
Özbegistanyň Daşary işler ministrliginde diplomatik işini tamamlaýan Türkmenistanyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Türkmen ilçisi Özbegistanyň daşary syýasat edarasynda kabul edildi
Erdogan Özbegistanyň we Azerbaýjanyň ministrlerini kabul etdi
Norow Özbegistanyň daşary işler ministri wezipesinden boşadyldy
Aşgabatda Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň Sammiti geçiriler