Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasy ulag ulgamynda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasy ulag ulgamynda hyzmatdaşlygyny berkidýär

2022-nji ýylyň 28-nji martynda Türkmendemirýollary agentligi bilen Koreýa Respublikasynyň Ýer, infrastruktura we ulag ministrliginiň we Demirýol korporasiýasynyň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi.

Göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen söhbetdeşligiň barşynda Koreýa Respublikasynyň Demirýol korporasiýasynyň prezidenti Na Hi-syň wideoýüzlenmesi, şeýle hem Ýer, infrastruktura we ulag ministrliginiň direktory Ço Ýoňminiň çykyşlary diňlenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan ýurtda alnyp barylýan ulag ulgamyndaky Günorta-Demirgazyk we Gündogar-Günbatar ugurlary boýunça magistral akymlaryň birleşdirilmegine gönükdirilen başlangyçlary barada türkmen tarapy aýratyn nygtady.

Muňa mysal edip, GazagystanTürkmenistanEýran, SerhetabatTurgundy, KerkiYmamnazarAkina we TürkmenistanOwganystanTäjigistan demirýollarynyň gurluşygynyň hem-de ösüşiniň, şeýle hem ýokary tizlikli awtomibil ýollarynyň, howa menzilleriniň we deňiz portlarynyň Türkmenistanyň sebit ýurtlary bilen gatnaşyklarynyň netijeli berkidilmeginde uly ähmiýete eýe bolýandygy bellenilip geçildi.

Ýene degişli makalalar

Serhet ýakada ýerleşýän günorta sebitler üzňelikden we amatsyz durmuş şertlerinden ejir çekýär
Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasy ulag ulgamynda hyzmatdaşlygyny berkidýär
Türkmenistan we Günorta Koreýa ulag pudagynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrýarlar
Lebapda welaýatara taksileriň kireý nyrhlary dört aýda 70% gymmatlady
“Demirýollary” AGPJ bilen “Türkmen Demirýol Ekspress” HJ amatly nyrhlarda müşderilere hyzmat edýär
Türkmenistanda howa ulaglarynyň hyzmatlarynyň göwrümi 48,3% ýokarlandy