2022-nji ýylyň 28-nji martynda Türkmendemirýollary agentligi bilen Koreýa Respublikasynyň Ýer, infrastruktura we ulag ministrliginiň we Demirýol korporasiýasynyň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi.
Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň habaryna görä, Göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen söhbetdeşligiň barşynda Koreýa Respublikasynyň Demirýol korporasiýasynyň prezidenti Na Hi-syň wideoýüzlenmesi, şeýle hem Ýer, infrastruktura we ulag ministrliginiň direktory Ço Ýoňminiň çykyşlary diňlenildi.
Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan ýurtda alnyp barylýan ulag ulgamyndaky Günorta-Demirgazyk we Gündogar-Günbatar ugurlary boýunça magistral akymlaryň birleşdirilmegine gönükdirilen başlangyçlary barada türkmen tarapy aýratyn nygtady.
Muňa mysal edip, GazagystanTürkmenistanEýran, SerhetabatTurgundy, KerkiYmamnazarAkina we TürkmenistanOwganystanTäjigistan demirýollarynyň gurluşygynyň hem-de ösüşiniň, şeýle hem ýokary tizlikli awtomibil ýollarynyň, howa menzilleriniň we deňiz portlarynyň Türkmenistanyň sebit ýurtlary bilen gatnaşyklarynyň netijeli berkidilmeginde uly ähmiýete eýe bolýandygy bellenilip geçildi.