Türkmenistan bilen Indoneziýanyň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmenistan bilen Indoneziýanyň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň we Indoneziýa Respublikasynyň Söwda-senagat edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahaty geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň metbugat gullugy habar berdi.

Bu maslahata Türkmenhimiýa Döwlet konserniniň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de Indoneziýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekilleri onlaýn görnüşde gatnaşdylar.

Wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň we Indoneziýa Respublikasynyň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek işinde tagallalary birleşdirmeklige meýillerini beýan etdiler. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň hem-de iki ýurduň telekeçileriniň arasynda özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.

Ýene degişli makalalar

21-nji noýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Hakan Fidan Indoneziýanyň prezidenti Prabowo Subianto bilen duşuşyk geçirdi
Malaýziýadaky türkmen ilçisi şol bir wagtda Indoneziýada hem diplomatik wezipäni ýerine ýetirer
Lawrow we Bruneýiň daşary işler ministri zenanlar hem-de erkekler barada degişdiler
Ýitip gitmek howpy abanýan jandarlar
2080-nji ýyla çenli dünýäniň ilaty iň ýokary derejä ýeter
12-nji iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti