6 aýyň dowamynda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky söwda dolanyşygy, takmynan, 5,55 milliard
dollar boldy. Bu bolsa geçen ýyldakydan 12,3 göterim köpdür.
Jemi söwda balansynda ep-esli paý, ýagny 5,07 milliard dollar türkmen tarapynyň eksportyna düşýär. Bu
barada Neit-Gaz gazeti Hytaý Halk Respublikasynyň Gümrük Dolandyryşyna salgylanyp habar berdi.
Hytaýa iberilýän esasy eksport önümi, ýagny bahasy 5,05 milliard dollar deň bolan tebigy gazdyr.
Çeşmäniň habaryna görä, Türkmenistan 476 million dollarlyk hytaý harytlaryny satyn alypdyr.
Türkmen tarapy HHR-e gazy Özbegistanyň we Gazagystanyň çäklerinden geçýän Türkmenistan
— Hytaý halkara magistral gaz geçirijisi arkaly iberýär. Häzirki wagtda gaz geçirijiniň
Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň üstünden geçjek şahasynyň gurluşygy uly
depginler bilen alnyp barylýar. Täze D şaha türkmen gazynyň Hytaýa iberilmegini artdyrmaga
mümkinçilik berer.