Maglumatdan mälim bolşuna görä, awtoralliniň guramaçylary Halkara awtomobil federasiýasy (HAF) bilen Türkmenistanyň talaplarynyň utgaşyksyzlygy sebäpli türkmen çölünde geçiriljek nobatdaky awtoýaryşlary ýatyrdylar.Geçen ýylyň ortalarynda Türkmenistanyň döwlet metbugaty 2019-njy ýylda ýurtda ýene-de bir awtoralliniň geçiriljekdigini habar beripdi. “2019-njy ýylda geçiriljek ýene bir awtoralli täsin Garagum sähralyklaryna gaýdyp gelmek üçin ýakymly mümkinçilik bolar” diýip, TDH 2018-nji ýylyň sentýabrynda “Amul Hazar 2018-iň” tamamlanmagyna bagyşlap çap eden habarynda ýazdy.
Munuň bilen bir hatarda, Halkara awtomobil federasiýasynyň resmi websaýtyndaky maglumatlara görä, 2019-njy ýylyň 1-nji fewralynda “Turkmen Desert Race” (“Amul Hazar”) awtoraillisi bilen bagly bir çäre geçirmek meýilleşdirilen ekeni. 2019-njy ýylyň 13-nji martynda “Turkmen Desert Race: Beýik ýüpek ýoly” awtorallisiniň guramaçylary özleriniň resmi websaýtlarynda hem-de Facebook sahypalarynda “Amul Hazaryň” Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilen nobatdaky tapgyrynyň goýbolsun edilendigini mälim etdi.