Türkmenistan bilen Gresiýanyň arasyndaky söwda dolanyşygy soňky ýyllarda görnetin ýokarlanýar. Has takygy, geçen ýyl özara söwda dolanyşygyň mukdary 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 25 esse ýokarlandy. Bu barada ÝB-niň Statistika býurosyna salgylanyp, Trend habar berýär.
2023-nji ýylda Türkmenistan bilen Gresiýanyň arasyndaky özara söwda dolanyşygy 959,75 million ýewro deň boldy. Bu 2022-nji ýyldakydan 25 esse ýa-da 921,1 million ýewro möçberde ýokarydyr. Deňeşdirmek üçin, 2022-nji ýylda türkmen-gerk söwda dolanyşygy 38,64 million ýewro barabar bolupdy.
Çeşmäniň bellemegine görä, 2018 — 2023-nji ýyllaryň aralygynda iki ýurduň umumy söwdasy 1,2 milliard ýewro deň boldy.