Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmegiň ýollary maslahatlaşyldy

Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmegiň ýollary maslahatlaşyldy

Şu gün Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mihael Uwe Birhoff bilen duşuşygy geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, ilkinji nobatda syýasy-diplomatiki, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada ministrligiň resmi saýtynda habar berildi.

M.Bäşimowa Türkmenistanyň GFR bilen ikitaraplaýyn görnüşindäki hem-de halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň we Ýewropa Bileleşiginiň çäklerindäki netijeli hyzmatdaşlygy barada nygtady.

Söwda-ykdysady gatnaşyklaryny geljekde hem giňeltmegiň ýollary bilen bagly pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, diplomatlar ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-german bilelikdäki iş toparynyň ähmiýetini nygtadylar hem-de ýurtlaryň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň ösdürilmeginiň mümkinçiliklerine seredip geçdiler. Bu ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmek hem-de tejribe alyşmak maksady bilen bilelikdäki işewürler maslahatlaryny, sergileri geçirmeklik teklip edildi.

Şeýle hem bilim, ylym, saglygy goraýyş we medeni-ynsanperwer ugurlarda netijeli hyzmatdaşlyk barada bellenildi.

Ýene degişli makalalar

TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY GERMAN YKDYSADYÝETINIŇ GÜNDOGAR KOMITETINIŇ ÝERINE ÝETIRIJI DIREKTORY BILEN DUŞUŞDY
Gurbanguly Berdimuhamedow German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy
Türkmenistandaky çagalar gaznasynyň işi halkara derejede alnyp barylýar
25-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary
Türkmenistandaky çagalar gaznasynyň işi halkara derejesinde alnyp barylýar
Türkmen diplomatlarynyň hünär baýramy mynasybetli dabara geçirildi