Türkmenistan awiakompaniýasy 2023-nji ýylyň 28-nji martyndan Aşgabat — Almaty — Aşgabat ugry boýunça yzygiderli gatnawlary gaýtadan ýola goýar. Bu ugurdaky petekler awiakompaniýanyň Russiýadaky baş agentliginiň resmi web sahypasynda satuwa çykaryldy.
Mysal üçin, Türkmenistanyň raýatlary mart aýynyň ahyrynda 27 müň 633 rubldan petek alyp, Aşgabatdan Almaty şäherine gidip bilerler. Raýatlar Mir töleg ulgamynyň bank kartyny ulanyp, rus walýutasynda töleg edip bilerler.
T5715 / T5717 gatnawlarynyň hepdede iki gezek — sişenbe we penşenbe günleri amala aşyrylmagy meýilleşdirilýär. Uçar sişenbe güni 22:30-da Aşgabatdan ugrar we ertesi gün 02:00-da barmaly ýerine gonar. Penşenbe güni bolsa Aşgabatdan 09:05-de uçar we Almaty şäherine 12:35-de gonar.
Pandemiýa sebäpli 2020-nji ýylyň mart aýynda Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky yzygiderli gatnawlar togtadylypdy.
Häzirki wagtda Türkmenistan awiakompaniýasy Aşgabatdan Stambula (Türkiýe), Moskwa (RF), Kazana (Tatarstan, RF), Maýn boýundaky Frankfurta (Germaniýa) we Dubaýa (BAE) yzygiderli gatnawlary amala aşyrýar. Mart aýynyň ahyryndan başlap, Türkmenistan awiakompaniýasy Aşgabatdan Pekine (HHR) we Londona (Angliýa) yzygiderli gatnawlaryny dowam etdirer.