
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Astana şäherine amala aşyran iş saparynyň dowamynda gazagystanly kärdeşi Murat Nurtleu bilen duşuşdy.
Gazagystanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gulugynyň habar bermegine görä, gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň köp sanly meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Hususan-da, syýasy, söwda-ykdysady, ulag-üstaşyr, energetika we medeni-ynsanperwer ugurlardaky özara gatnaşyklaryň geljegini, şeýle hem ýakyn wagtda geçiriljek ýokary derejedäki halkara çäreleriň meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Gazagystanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy türkmen kärdeşini Türkmenistanyň Gazagystandaky Medeniýet günleriniň üstünlikli geçirilmegi hem-de Astana şäherinde gönükli türkmen akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň açylmagy bilen gutlady.