Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti bilen Finlandiýa Respublikasynyň DIM-niň wekilleriniň hem-de Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Helsinki ş.) Mariýa Elina Liiwalanyň gatnaşmagynda iki döwletiň DIM-niň arasynda türkmen-fin maslahatlaşmalary geçirildi. Maslahatlaşmalar 22-nji iýunda wideoaragatnaşyk arkaly geçirildi.
Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, duşuşygyň barşynda taraplar iki döwletiň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda gatnaşyklary ösdürmek babatda gyzyklanmalary beýan etdiler.Döwletara gatnaşyklary ilerletmekde ýokary derejelerdäki saparlaryň ähmiýeti nygtaldy. Şu ýylda şular ýaly saparlary guramagyň mümkinçiliklerine seredildi.
Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny berkitmegi bellediler. Şeýle-de Türkmenistan bilen Finlandiýa Respublikasynyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryň derejesine syn berildi.Bu gatnaşyklary ösdürmegiň uly mümkinçilikeriniň bardygyny bellemek bilen, taraplar hyzmatdaşlygyň özara kabul ederlikli mehanizmlerini gözlemäge ylalaşdylar.
Mundan başga-da taraplar sebit we owgan meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.Diplomatlar şeýle-de bilim we ylym babatdaky gatnaşyklar bilen bir hatarda, ynsanperwer ugurda hyzmatdaşlygy ilerletmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.