Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky söwda 32,64% artdy

Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky söwda 32,64% artdy

Eýranyň Türkmenistan bilen söwdasy (çig nebit eksportyndan başga) häzirki Eýranyň senenamasynyň birinji on aýynda (21-nji martdan 20-nji ýanwara çenli) geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 32,64 göterim ýokarlandy. Bu barada Eýran Yslam Respublikasynyň gümrük gullugynyň maglumatlaryna salgylanyp, Eýranyň “Financial Tribune” neşiri sişenbe güni habar berdi.

Eýranyň senenamasynyň birinji on aýynda Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky söwda dolanyşygy 389,65 million ABŞ dollaryna barabar boldy we 1,1 million tonna ýetdi.

Eýranyň Hazar deňziniň kenarýaka döwletleri bilen şu ýylyň on aýynda umumy söwda dolanyşygy 3,03 milliard ABŞ dollaryna deň bolup, 5,54 million tonna ýetdi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 9,19 göterim artdy.

Bu döwürde Russiýa Hazar deňziniň kenarýaka döwletleriniň arasynda Eýranyň esasy söwda hyzmatdaşy boldy. Russiýa bilen Eýranyň arasyndaky söwda dolanyşyk 1,79 milliard ABŞ dollaryna (1,27 göterim peseldi) deň bolup, 3,11 million tonna ýetdi.

Eýranyň senenamasynyň birinji on aýynda Eýranyň Hazaryň kenarýaka döwletlerine eksporty 3,41 göterim artyp, 1,67 milliard ABŞ dollaryndan geçdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky söwda 32,34% ýokarlandy
Türkmen-eýran eksport-importynyň mukdary 1 million tonnadan geçdi
Gaz söwdasy ýene-de türkmen-eýran gepleşikleriniň gün tertibine geldi
Türkmenistan Eýranyň söwda hyzmatdaşlarynyň ilkinji üçlüginden orun aldy
YHG-niň sammitine gatnaşmak üçin Eýranyň prezidenti Aşgabada barýar
Hytaýyň BYD kompaniýasy satuwlar boýunça Tesladan ozdurdy