Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky söwda 32,34% ýokarlandy

Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky söwda 32,34% ýokarlandy

Eýranyň Türkmenistan bilen söwdasy (çig nebit eksportyndan başga) häzirki Eýranyň senenamasynyň geçen maliýe ýylynda (2022-nji ýylyň 21-nji martyndan 2023-nji ýylyň 20-nji martyna çenli) geçen 2021-2022-nji ýyllar bilen deňeşdirilende 32,34 göterim ýokarlandy. Bu barada Eýran Yslam Respublikasynyň gümrük gullugynyň maglumatlaryna salgylanyp, “Financial Tribune” agentligi geçen hepdäniň çarşenbe güni habar berdi.

Eýranyň senenamasynyň geçen ýylynda Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky söwda dolanyşygy 487,62 million ABŞ dollaryna barabar boldy we 1,31 million tonna ýetdi.

Eýranyň Hazar deňziniň kenarýaka döwletleri bilen geçen maliýe ýylynda umumy söwda dolanyşygy 3,81 milliard ABŞ dollaryna deň bolup, 6,89 million tonna ýetdi. Bu görkeziji geçen 2021-2022-nji ýyllar bilen deňeşdirilende 9,51 göterim artdy.

Bu döwürde Russiýa Hazar deňziniň kenarýaka döwletleriniň arasynda Eýranyň esasy söwda hyzmatdaşy boldy. Russiýa bilen Eýranyň arasyndaky söwda dolanyşygy 2,32 milliard ABŞ dollaryna (17,76 göterim peseldi) deň bolup, 4,04 million tonna ýetdi.

Eýranyň senenamasynyň geçen maliýe ýylynda Eýranyň Hazaryň kenarýaka döwletlerine eksporty 2,43 göterim artyp, 2,05 milliard ABŞ dollaryndan geçdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmen-eýran eksport-importynyň mukdary 1 million tonnadan geçdi
Gaz söwdasy ýene-de türkmen-eýran gepleşikleriniň gün tertibine geldi
Türkmenistan Eýranyň söwda hyzmatdaşlarynyň ilkinji üçlüginden orun aldy
YHG-niň sammitine gatnaşmak üçin Eýranyň prezidenti Aşgabada barýar
Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky söwda 32,64% artdy
Donald Tramp ýene-de ýylyň adamy saýlandy