Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda elektrik çalşygy 1000 MWt çenli ýokarlanar

Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda elektrik çalşygy 1000 MWt çenli ýokarlanar

Iki ýurduň arasynda täze elektrik geçirijisi açylandan soň Eýran bilen Türkmenistanyň arasynda 500 MWt energiýa alyş-çalyş kuwwaty iki esse artyp, 1000 MWt ýeter. Muny Eýranyň energetika ministriniň sözlerine salgylanyp, Mehrnews habar berdi.

Ali Akbar Mehrabian bu barada Tährana sapar bilen gelen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti bilen bolan duşuşygynda aýtdy.

Mehrabian türkmen wekiliýetiniň saparynyň çäklerinde Eýran bilen Türkmenistanyň arasynda suw we elektrik üpjünçiligi pudagy boýunça netijeli gepleşikleriň geçirilendigini belledi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan bilen Eýran elektrik energiýasynyň alyş-çalşygyny 1000 MWt-a çenli artdyrar
Goşa ganatly ýel turbinasy
Mary welaýatynda gaýtalanýan elektrik kesilmeleri gurbanlyk sadakalarynyň mazasyny gaçyrýar
26-njy martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Ýadro güýç milli energiýa howpsuzlygynyň açarymy?
Mary DES-de 14 milliard kilowat sagada golaý elektrik energiýasy öndürildi