Türkmenistan bilen BAE energetika pudagynda hyzmatdaşlygy ýola goýar

Türkmenistan bilen BAE energetika pudagynda hyzmatdaşlygy ýola goýar

Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleri energetika pudagynda hyzmatdaşlygy ýola goýarlar. Şunuň bilen baglylykda, şu gün Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň BAE resmi saparynyň çäklerinde Türkmengaz döwlet konserni bilen Abu Dabiniň Milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) arasynda energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi diýlip, Watan habarlar gepleşiginde habar berildi.

Mundan başga-da, taraplar Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Abu-Dabiniň Birinji bankynyň (First Abu Dhabi bank) arasynda korrespondent hasabyny açmagyň we ýöretmegiň şertleri hem-de tertibi hakynda Ylalaşyga gol çekdiler.

Şeýle hem habarda BAE-niň wekilleriniň Türkmenistanda milli ykdysadyýetiň innowasion ösüşini hem-de türkmen halkynyň abadançylyk derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmäge gönükdirilen taslamalara gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirýändikleri bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Yslam Babaýew adyndaky ýaş gitaraçylaryň festiwaly
Garramagy haýalladýan doňdurma oýlanyp tapyldy
Iň gymmat sanly sungat eseri
ТУРКМЕНИСТАН И МЕЖДУНАРОДНЫЙ СОЮЗ АВТОМОБИЛЬНОГО ТРАНСПОРТА НАМЕРЕНЫ РАСШИРЯТЬ СОТРУДНИЧЕСТВО
Samsung 2021-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda täze önümlerini tanyşdyrar