Türkmenistan bilen AHG gatnaşyklary berkitmek boýunça Ähtnama gol çekdi

Türkmenistan bilen AHG gatnaşyklary berkitmek boýunça Ähtnama gol çekdi

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Aýlag Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň (AHG) Baş sekretary Naýef Falah Mubarak Al Hajraf bilen duşenbe güni Türkmenistanda geçirilen duşuşygyň dowamynda birnäçe ugurlarda, esasan-da ykdysadyýet, söwda, energiýa, suw we azyk howpsuzlygy pudagynda iki tarapyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy göz öňünde tutýan Özara düşünişmek Ähtnamasyna gol çekdi. Bu barada AHG-nyň metbugat beýanatynda habar berildi.

AHG-nyň ýolbaşçysy Türkmenistandan soňra, beýleki Merkezi Aziýa ýurtlaryna Täjigistana, Gyrgyzystana, Özbegistana we Gazagystana sapar eder.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri we AHG-nyň Baş sekretary birnäçe halkara we sebit meselelerine, bilelikdäki hyzmatdaşlygyň ugurlaryna, umumy bähbitler üçin hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garadylar.

Al Hajraf umumy bähbitlere hyzmat etmek üçin Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhümdigini aýtdy.

Saparynyň çäklerinde AHG-nyň Baş sekretary Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýangyç-energetika toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Şahym Abdrahmanow we Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş direktory Mämmethan Çakyýew bilen hem duşuşyk geçirdi.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda Dialog — parahatçylygyň kepili atly halkara forum geçirildi
Uzynada nebit-gaz ýatagyndaky täze guýynyň burawlama işlerine başlandy
Hünärmenler täze ýatagyň suwunyň içmäge näderejede ýaramlydygyny sorag astyna alýar
Türkmenistanda agyz suwunyň täze iri ýatagy tapyldy
Hytaýyň kompaniýasy türkmen nebit guýularynyň öndürijiligini ýokarlandyrmak boýunça hyzmat berer
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýa sapar edýär
Ermenistan we Türkmenistan gaz hem-de energetika pudaklaryndaky hyzmatdaşlygyň meselelerini maslahatlaşdylar