Türkmenistan bilen ABŞ geljegi uly taslamalary maslahatlaşdy

Türkmenistan bilen ABŞ geljegi uly taslamalary maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow “Türkmenistan-ABŞ” işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuard hem-de ABŞ-nyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Metýu Klimow bilen penşenbe güni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gepleşik geçirdi. Gepleşigiň dowamynda özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça bilelikdäki taslamalaryň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň DIM-niň habar berşi ýaly, türkmen tarapyndan gepleşige Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň, “Türkmenhowaýollary” agentliginiň, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň ýolbaşçylary we wekilleri, ABŞ tarapyndan bolsa öňdebaryjy amerikan kompaniýalarynyň, hususan-da “S2 Global/Rapiscan”, “Visa”, “Westport Trading Ltd” we “Boeing” kompaniýalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Gepleşigiň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri ABŞ bilen maýa goýum, tehnologiki we maliýe häsiýetli söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge Türkmenistanyň Hökümetiniň ygrarlylygyny tassyklady.

Mundan başga-da, türkmen tarapy senagat, nebiti gaýtadan işleýiş, ulag, oba we suw hojalygy hem-de beýleki ulgamlarda söwda we maýa goýum gatnaşyklary ösdürmek babatda gyzyklanma bildirdi.

Şeýle hem, taraplar hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerine seretdiler we hünärmenler derejesinde yzygiderli gepleşikleri geçirmegiň ähmiýetini nygtadylar.

Türkmenistan ABŞ bilen 1992-nji ýylyň 19-njy fewralynda diplomatik gatnaşyklaryny ýola goýdy.

Ýene degişli makalalar

ABŞ-nyň işewür wekiliýeti Türkmenistana sapar eder
ABŞ ilçisi Aşgabadyň nebitgaz eksportlaryndaky diwersifikasiýa tagallalaryna oňyn baha berdi
“Türkmenistan-ABŞ” işewürlik geňeşiniň söwda palatasyna özgerdilmegine umyt bildirilýär
Raşid Meredow ABŞ-nyň Daşary işler gullugynyň baş müdiri bilen duşuşdy
Raşid Meredow we ABŞ-nyň ilçisi Metýu Klimow birnäçe taslamalary maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň daşary işler ministri ABŞ-nyň ilçisi bilen duşuşdy
USAID Türkmenistanyň gymmatly kagyzlar bazaryny berkitmäge ýardam berýär