Türkmenistan benziniň iň arzan döwletleriniň ilkinji 7-ligine girdi

Türkmenistan benziniň iň arzan döwletleriniň ilkinji 7-ligine girdi

Türkmenistan benziniň bahasy iň arzan ýurtlarynyň sanawynda 7-nji orny eýeleýär. Muňa 29-njy awgustda GlobalPetrolPrices internet-neşiri tarapyndan neşir edilen dünýäde motor ýangyjynyň bahalary hakyndaky maglumatlar şaýatlyk edýär.

Nebitgaz toplumynyň resmi saýtynyň ýazmagyna görä, A-95 benziniň 1 litriniň bahasy 0,428 dollara barabar. Türkmenistandan bu görkeziji babatda öňde Wenesuela, Liwiýa, Eýran, Alžir, Kuweýt we Angola bar. Wenesuealada benziniň 1 litri 0,022 dollara barabar.

1 litr benziniň dünýäde ortaça bahasy 1,36 dollara deň. Benziniň bahasy iň gymmat ýurdy Gonkong, ol ýerde 1 litr benzin 2,98 dollara düşýär.

Belläp geçsek, şu ýylyň mart aýynda şol neşiriň maglumatlaryna görä, Türkmenistan bu görkeziji babatda 10-njy orny eýeleýärdi. Şol wagtdan bäri, ýurdumyz 3 görkeziji öňe süýşüp, Siriýadan, Gazagystandan we Nigeriýadan öňe geçdi. Şol ýurtlarda benziniň bahalary şu ýylyň dowamynda ýokarlandy, Türkmenistanda bolsa bu görkeziji üýtgemedi.

Dizel ýangyjy boýunça Türkmenistan dünýäde 0-njy orny eýeleýär. Neşiriň maglumatlaryna görä, Türkmenistanda 1 litr dizel ýangyjynyň bahasy 0,385 dollara deň. Ýangyjynyň bu görnüşiniň iň aşak bahasy Eýranda — 0,011 dollar.

Dzeil ýangyjynyň dünýä boýunça ortaça bahasy 1,37 dollara deň.

Ýene degişli makalalar

Balkanda ýene benzin gytçylygy emele geldi, ýangyjyň gara bazary peýda bolup başlady
Gazagystan Benzin we Dizel Ýangyjynyň Ýurtdan Çykarylmagyny Gadagan Etdi
Gazy eksport ediji döwletleriň forumy Türkmenistanyň gurama agza bolmagyna gyzyklanma bildirýär
Lebapda dizel ýangyjy diňe gündiz satylýar, gije ýük ulaglarynyň nobaty döreýär
"Iran Khodro" kompaniýasynyň we "Türkmenawtoulaglary" Agentliginiň ýolbaşçylary hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar
Forsaž-10 franşizasy kinoteatrlara 2023-nji ýylyň aprelinde çykarylar