Türkmenistan benziniň bahasy iň arzan ýurtlaryň ilkinji onlugynda

Türkmenistan benziniň bahasy iň arzan ýurtlaryň ilkinji onlugynda

Global Petrol Prices-iň (GPP) görkezýän maglumatlaryna görä, Türkmenistanda benziniň bahasy dünýäde iň arzan bahadyr — bu görkeziji boýunça ýurt birinji onluga girýär.

GPP-niň 14-nji martda çap bolan hasabatyna görä, Türkmenistanda benziniň bir litriniň bahasy amerikanyň 0,428 dollaryna barabardyr.Wenesuela dünýäde benziniň iň arzan ýeridir.Ol ýerde benziniň bir litriniň bahasy amerikanyň 0,025 dollaryna deňdir.

Dünýäde benziniň iň gymmat ýeri Gonkong, ol ýerde ýangyjyň bahasy Türkmenistandakydan ýedi esse gymmatdyr: bir litri 2,879 dollar.Benziniň iň gymmat ýurtlarynyň birinji onlugyna Monako, Niderlandlar, Finlýandiýa, Lihtenşteýn, Germaniýa, Italiýa, Norwegiýa, Gresiýa we Daniýa girýär.

Iň arzan benzinli ýurtlara birinji nobatda Wenesuela girýär, şeýle-de bu sanawa Türkmenistandan başga-da, Liwiýa, Eýran, Siriýa, Alžir, Angola, Kuweýt, Gazagystan we Nigeriýa ýaly ýurtlar degişlidir.Dünýä boýunça benziniň ortaça bahasy şu günki günde litri amerikanyň 1,32 dollary diýip hasaplanýar.

Dürli ýurtlarda benziniň bahalarynyň arasyndaky tapawut ýangyja salynýan salgytlaryň we subsidiýalaryň dürli görnüşlerine baglydyr. Ähli ýurtlar benzini halkara bazarynda birmeňzeş bahadan satyn alýar, ýöne salýan salgytlary dürlüdir. Şol sebäpli hem benziniň bölek satuwynda bahalar üýtgeýär — diýip, GPP düşündirýär.

Ýene degişli makalalar

Gazy eksport ediji döwletleriň forumy Türkmenistanyň gurama agza bolmagyna gyzyklanma bildirýär
Mary: Benzin gytçylygy dowam edýär
Benziniň arzan ýurtlaryň sanawynda Türkmenistan öňdäki orunlarda durýar
Türkmenistan benziniň iň arzan döwletleriniň ilkinji 7-ligine girdi
Demirgazyk Koreýa Ýene-de 2 Ilçihanasyny Ýapdy
BMG: Soňky 100 ýyldaky güýçli yssy Afrikanyň günortasyny hasylsyz goýdy