1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Özbegistana döwlet sapary tamamlandy. Saparyň dowamynda Türkmenistanyň we Özbegistanyň şertnama-hukuk binýadynyň üstüni ýetiren hyzmatdaşlyk hakynda 19 sany resminamalar toplumyna gol çekildi.
Dostlukly döwletleriň Baştutanlary döwrebap düzümi bolan serhetýaka söwda zolagyny döretmek hakynda ylalaşdylar. Mundan başga-da, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri Bilelikdäki Beýannama gol çekdiler. Onda iki ýurduň arasyndaky gazanylan ylalaşyklar berkidilýär we uzakmöhletleýin wezipeler kesgitlenýär.
2. Daşary ýurt döwletleri tarapyndan berlen we Türkmenistanyň çäginde ykrar edilýän ýokary hem-de orta hünär bilimi hakyndaky resminamalary tassyklatmak üçin kabul ediş nokadynyň salgysy täzelendi. Indi degişli daşary ýurt diplomy we beýleki zerur bolan resminamalar şu salgyda kabul edilýär: Aşgabat şäheri, Türkmenistanyň milli bilim insitituty, Magtymguly şaýoly, 136-njy jaý.
3. Türkmenawtoulaglary agentligi dolulygyna awtomatlaşdyrylan sanly maglumatlar binýadyny we resminama dolanyşyk ulgamyny girizmegi meýilleşdirýär.
Şonuň bilen baglylykda, agentligiň saýtynda awtomatlaşdyrylan maglumatlar binýadyny döretmek boýunça taslamalary işläp düzmek we toplumlaýyn işlerini ýerine ýetirmek hyzmatlaryny hödürleýän türkmen kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk etmegiň maksat edinilýändigi hakynda bildiriş ýerleşdirildi.
4. Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy wagtlaýyn gyssagly wizalary resmileşdirmegiň möhleti hakynda ýatladýar.
Şahsy, işewürlik, syýahatçylyk, okuw, ynsanperwer, zähmet derejeli wagtlaýyn wizalary gyssagly görnüşde resmileşdirmek işleri ýüz tutulan pursatyndan 3 (üç) iş gününiň dowamynda, adaty ýagdaýda 7 (ýedi) günüň dowamynda amala aşyrylýar.
5. Türkmenistan awiakompaniýasy 18-nji iýulda Türkmenistanyň raýatlaryny Belarussiýadan alyp gaýtmak üçin nobatdaky ýolagçy uçuşyny amala aşyrar. Maglumatlara görä, uçuş Minsk milli howa menzilinden Türkmenabat şäherine amala aşyrylar.
6. 2022-nji ýylyň 17-nji we 22-nji iýulynda Türkmenistan awiakompaniýasy Stambuldan iki sany ýolagçy uçuşyny amala aşyrar. Awiakompaniýanyň ýolagçy uçarlary Stambuldan ugrap Türkmenabadyň Halkara howa menziline gelip gonarlar.
7. Bawariýada suw hudaýynyň gadymy toýun heýkeljigi tapyldy. Arheologlaryň çaklamalaryna görä, bu tapyndy biziň eýýamymyzdan öňki 8-5-nji asyrlara degişli edilýär. Tapyndy Ýewropanyň günbatar we merkezi sebitlerine ýaýran Galştat döwrüne degişli bolan zolagyň çäklerinde geçirilen gurluşyk işleriniň dowamynda tapyldy.
8. Anapanyň kenarynda dynç alýanlar adaty bolmadyk tebigy hadysanyň şaýady boldular. Gara deňziň suwy birdenkä öz reňkini üýtgedip, açyk gyzyk reňke öwrüldi. Biologlaryň pikirine görä, muňa ýakynda bolup geçen harasat sebäp boldy. Harasat sebäpli goňur we gyzyl suwotular dürli ugurlara ýaýradylar, tolkunlar bolsa olary kenara getirdi. Bilermenler şeýdip gyzaran suwuň adam saglygyna hiç hili zeper ýetirmeýändigini belleýärler.
9.Serdar Azmun Gurban Berdiýewiň Traktora geçmeginde öz hyzmaty hakynda gürrüň berdi.Men oňa Traktora geçmäge kömek etdimmi?Elbetde. Ýöne men topara ony hödürlemedim.Bu dogry däl.
Olaryň özleri ony çagyrdylar.Ol bolsa menden maslahat sorady.Sebäbi men eýranly, şonuň üçin hem ol maňa ynanýar. Şonuň üçin hem ol menden käbir zatlary anyklady.Men Traktor hakynda diňe gowy zatlary aýtdym we ol Eýrana geçmeli diýen netijä geldi diýip, Lewerkuzeniň hüjümçisi belledi.
10. 2022-nji ýylyň Ýüpek ýoly ralli-reýdiniň sekizinji güni türgenleri Kalmykiýadan Astrahan oblastynyň çäginden Wolgograda getirdi.
Sekizinji ýörite zolakda LADA Sport ROSNEFT toparynyň russiýaly sürüji türgeni Dmitriý Woronow eýýäm üçünji zolakda nobatdaky ýeňşini gazandy. Ol ikinji orny eýelän türkmenistanly Merdan Toýlyýewden bir sagat öňe geçmegi başardy. Üçünji orny eýelän Şamyrat Gurbanow bolsa Toýlyýewden bary-ýogy 25 sekund yza galdy.